Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

010.180.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 8, 2735-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler girizmeli:

1. «Türkmenistanyň oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 24-nji aprelinde çykaran 1792-nji Permanynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1996-njy ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 3099-njy maddasy):

2-nji bölümiň ikinji bendini aýyrmaly;

3-nji bölümi şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Azyk senagaty Döwlet birleşigi, «Türkmengallaönümleri» Döwlet birleşigi gönüden-göni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr diýip bellemeli.».

2. «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 6093-nji Permany bilen tassyklanan, Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň mazmunynda «Türkmenhaly» Döwlet paýdarlar korporasiýasy», «Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasy», «Galla önümleri baradaky «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasy», «Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy», «Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenmallary» assosiasiýasy» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenhaly» Döwlet birleşigi», «Türkmenistanyň Azyk senagaty Döwlet birleşigi», «Türkmengallaönümleri» Döwlet birleşigi», «Türkmenobahyzmat» Döwlet birleşigi», «Döwlet maldarçylyk birleşigi» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

II. «Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen nika baglaşmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunlaryny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 4-nji iýunynda çykaran 3407-nji Permanyny;

«Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň Oguz aýynyň 4-inde çykaran № 3407 Permanyna üýtgetme girizmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 23-inde çykaran № 3531 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaran 3854-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 156-njy maddasy) 1-nji bölümini;

«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň meseleleri» hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran 5016-njy Permanynyň 1-nji bölüminiň - Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümini tassyklamak baradaky bölegini güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 06-njy awgusty

№ PP-6389