Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerini döretmek hem-de Ahal welaýatynyň Abadan şäher kazyýetini ýatyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerini döretmek hem-de Ahal welaýatynyň Abadan şäher kazyýetini ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerini döretmek hem-de Ahal welaýatynyň Abadan şäher kazyýetini ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 6, 2614-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 21.01.2018 ý. № PP-283 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda we Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplarynda kazyýet önümçiliginiň işini ýola goýmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerini döretmeli.

Ikinji we üçünji bölekleri Türkmenistanyň 21.01.2018 ý. çykaran № PP-283 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

4. Ahal welaýatynyň Abadan şäher kazyýetini ýatyrmaly.

5. Ahal welaýatynyň ýatyrylan Abadan şäher kazyýetiniň hem-de Ruhabat etrap kazyýetiniň Aşgabat şäheriniň Abadan hem-de Ruhabat etraplarynda işleýän we ýaşaýan kazyýet oturdaşlary öz ygtyýarlyklaryny degişlilikde Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerinde amala aşyrmaly.

6. Ahal welaýatynyň ýatyrylan Abadan şäher kazyýetiniň we Ruhabat etrap kazyýetiniň edara binalaryny degişlilikde Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etrap kazyýetlerine bermeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2013-nji ýylyň 08-nji iýuny

№ PP-6345