Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

130.030.100

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2564-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri sahna oýunlarynyň üsti bilen çeper wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine özleriniň tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Teatr işgärleriniň ak ýürekden çekýän döredijilikli zähmetinden dörän ajaýyp sahna eserleri beýik Garaşsyzlygymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni has-da dabaralandyrýar. Bu eserler halkymyzyň beýik ýeňişlerini has giňden açyp görkezýärler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşantlary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, çeperçilik ussatlygyny we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Baýrammyrat Halmyradowiç Kerimowa;

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Enejan Orazmyradowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013-nji ýylyň 13-nji maýy

№ PP-6329