Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmek hakynda

010.150.030

090.120.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 4, 2500-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

l. Oba hojalygyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmeli.

2. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini üýtgedilip guralan Oba hojalygyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýazmyradow, A.Goçyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013 ý. aprel aýynyň 12-si

№ PP-6311