Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň has tapawutlanan işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň has tapawutlanan işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMЕNISTAN SSR ÝOKARY SOWЕTINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P Е R M A M Y

Türkmenistanyň M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň has tapawutlanan işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 224 madda)

Ylmy ösdürmekde we respublikanyň halk hojalygy üçin ýokary hünärli spesialistleri taýýarlamakda bitiren uly hyzmatlary üçin şu aşakdakylara hormatly atlary dakmaly:

«Türkmenistan SSR-niň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri»

Syýasy taryh kafedrasynyň müdiri Kerim Ýagmyrowiç Annagulyýewe.

Pagtaçylyk we ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri Wiktor Nikolaýewiç Fursowa.

Inwazion we infeksion keseller kafedrasynyň müdiri Orazgeldi Çaryýewe.

«Türkmenistan SSR-niň at gazanan halk mataryf işgäri»

Fiziologiýa, farmakologiýa we ýokanç däl keseller kafedrasynyň müdiri Gamyk Muhadowiç Muhadowa.

Pagtaçylyk we ösümlikçilik kafedrasynyň dosenti Jeren Çaryýewna Orazowa.

Agrosenagat kompleksiniň pudaklaryny guramak we dolandyrmak kafedrasynyň müdiri Anatoliý Iwanowiç Rybakowa.

Tebigaty goramak kafedrasynyň müdiri Öwez Sopyýewe.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.NYÝAZOW

Aşgäbat şäheri.

1990-njy ýylyň 25-nji oktýabry

№ 39-XII