«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň işini bes etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň
işini bes etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 6-7, 279-njy madda)
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň işini bes etmeli.
2. «Türkmengaz» döwlet konsernini işi bes edilen «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. «Türkmengaz» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary M.Babaýew, B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň iýul aýynyň 07-si.
№ PP-155