Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyny «Türkmenhowaýollary» gullugy diýip atlandyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyny «Türkmenhowaýollary» gullugy diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyny

«Türkmenhowaýollary» gullugy diýip atlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 3, 126-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we ony dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň adyny üýtgedip, ony «Türkmenhowaýollary» gullugy diýip atlandyrmaly.

2. «Türkmenhowaýollary» gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredow we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 17-nji marty.

№ PP-73.