Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 3, 125-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2017-nji ýylyň 19-njy martyndaky dynç gününi 20-nji marta – düşenbe gününe geçirmeli.
2. 2017-nji ýylyň 19-njy martynyň iş tertibini hepdäniň duşenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetrilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 17-nji marty.
№ PP-72.