Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2026 ý., № 3-4, 1204-nji madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlaryny, ýurdumyzda ynsanperwer, haýyr-sahawat we meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly:

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratnany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2026-njy ýylyň mart aýynyň 27-i.

№ PP-679