Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 11-12, 1094-nji madda)

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgelerini esaslandyryp, ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ösüşine gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de durnukly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmäge, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny, dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamak däplerini pugtalandyrmak işinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy bolan «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy öňe sürmäge we durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny esaslandyrmaga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyna ýolbaşçylyk edip, köp sanly halkara çärelerini ýokary derejede geçirmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda berýän gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-i.

№ PP-609