Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 10, 1057-nji madda)
Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Gutly Gulnazarowiç Goşaýewe,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gulluk itşynaslygy merkeziniň 1-nji bölüminiň kiçi gözegçisi-itşynasy Hydyr Işanberdiýewiç Rasulowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-i.
№ PP-598