Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 11-12, 1090-njy madda)

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2025-nji ýylyň 05-nji dekabry.

№ PP-602.