Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2025 ý., № 10, 1041-nji madda)

Ahal, Daşoguz, Lebap we Маry welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde:

1) Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetini;

2) Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap kazyýetlerini;

3) Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap kazyýetlerini;

4) Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Serdar

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2025-nji ýylyň 01-nji oktýabry.

№ PP-582.