O.Atabaýewany Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O.Atabaýewany Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 882-nji madda)
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary we usuly taýdan ýardam bermek işine uly goşant goşandygyny, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory - wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y
№ PP-505