Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ç.T.Rustemowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ç.T.Rustemowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ç.T.Rustemowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 881-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ynsanperwerlik däplerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkrnenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-ttji ýylyň dekabr aýynyň 9-y

№ PP-504