Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

А.T.Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

А.T.Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

А.T.Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 880-nji madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilikwe ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Hemişelik Wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y

№ PP-503