Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 873-nji madda)

Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen hem-de türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y

№ PP-496