Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 11-12, 863-nji madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň baş agronomy Mämmetgylyç Allaberdiýewiç Berdiýewi,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arslan Annamyradowiç Apbasowy,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Halnepes Bäşimnepesowiç Annadurdyýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşirin Kullyýewna Orazgeldiýewany,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magtymguly Nurmämmedowy,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Bereket etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ussasy Söhbet Garmämmedowiç Rejepowy,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kadyrmämmet Saparmämmedowiç Durdymämmedowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çarytagan Orataganowiç Oraztaganowy,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Dädebaý Kakaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Bahram Hasanowiç Tajimuratowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň baş agronomy Haýtmurat Babajanowiç Esenowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bahargül Selimowna Begjanowany,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň mehanizatory Töre Çaryýewi,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Hudaýguliýewna Allakulyýewany,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň J.Mämedow adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Sýitmyrat Allaberdiýewiç Koçowy,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň hususy önüm öndürijisi Enargul Akmuratowna Ersaryýewany,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Nurmyradowiç Bäşimowy,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Baýramaly etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Bäşim Abaýewiç Saparowy,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň hususy önüm öndürijisi Nazargeldi Amanowiç Akylyýewi,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Esen Allagulyýewiç Rüstemowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-i

№ PP-485