Тürkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça we üýtgetme girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Тürkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça we üýtgetme girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 8-9, 793-nji madda)
«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyn Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna goşmaça we üýtgetme girizmeli:
1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 252-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«253) Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni - 3-nji noýabr;».
2. «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 918-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 11-12-nji ýygyndysynyň 2098-nji maddasy) birinji böleginde «6-njy awgustynda» diýen sözleri «3-nji noýabrynda» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
II. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 181-nji bendini.
2. «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 918-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 11-12-nji ýygyndysynyň 2098-nji maddasy) ikinji bölegini.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Serdar
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabry.
№ PP-431