Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2024 ý., № 6-7, 706-njy madda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

2. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2 280 manat möçberde;

2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 665 manat möçberde;

3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat möçberde;

4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat möçberde bellemeli.

3. Turkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1 410 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

4. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1-7-nji goşundylara* (*Ýygyndyda 1-7-nji goşundylar getirilmeýär) laýyklykda tassyklamaly.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

6. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2024-nji ýylyň 12-nji iýuly.

№ PP-384