Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 11-12, 573-nji madda)
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2023-nji ýylyň 27-nji dekabry.
№ PP-306