Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 9-10, 530-njy madda)

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň uly tehnigi-yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Umytjan Rozymuradowiç Nurmammedowa,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrük hanasynyň «Aşgabat» gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-si.

№ PP-286