«Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyn 27-nji dekabrynda çykaran 919-njy Permanyna üýtgetme girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyn 27-nji dekabrynda çykaran 919-njy Permanyna üýtgetme girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2023 ý., № 9-10, 529-njy madda)
«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
«Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 919-njy Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2021-nji ýyldaky 11-12-nji ýygyndysynyň 2099-njy maddasy) ikinji böleginde «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry.
№ PP-285