Ilata durmuş hyzmatyny ediş respublikan Döwlet birleşigini döretmek hakynda
Türkmenistan SSR Prezidentiniň 26.11.1990 ý. çykaran № 18 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.07.1995 ý. № 1572 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTAN SSR-NIŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ilata durmuş hyzmatyny ediş respublikan Döwlet birleşigini döretmek hakynda
(TSSR Ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 21-22, 258-nji madda)
1. Ilata durmuş hyzmatyny ediş respublikan döwlet birleşigini döretmeli.
2. Şu Birleşigiň döredilmegi bilen baglanyşykly zerur çäreleri durmuşa geçirmegi Türkmenistan SSR-niň Premýer-ministri ýoldaş H.Ahmedowa tabşyrmaly.
Türkmenistan SSR-niň Prezidenti S.Nyýazow
Aşgabat şäheri.
1990-njy ýyl, 26-njy noýabr.
№ 18