Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 07.09.1990

Awtotransport serişdelerini sürüjileriň düzgün-nyzamyny, ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak hakynda

07.09.1990 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Awtotransport serişdelerini sürüjileriň düzgün-nyzamyny, ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak hakynda

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygynyň 07.09.1990 ý. çykaran № 16-XII Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.12.1993 ý. № PP-1128 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY SOWETINIŇ BAŞLYGYNYŇ

P E R M A N Y

Awtotransport serişdelerini sürüjileriň düzgün-nyzamyny, ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak hakynda

(TSSR Ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 17-18, 185-nji madda)

Respublikada ençeme ýyllaryň dowamynda käbir gulluk ýeňil awtomobillerine artyk hukukly nomer belgilerini bermek ýaly ýaramaz düzgün orun aldy. Ministrlikleriň hem-de wedomstwolaryň, käbir jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna we olaryň orunbasarlaryna berkidilen awtomobiller barada bellenen tertibe garaman, “00”, “01” sifrler hem-de beýleki sifrler /jemi 6 seriýa/ bilen başlanýan döwlet nomer bellikleri oturdylýar/. Bu nomer bellikleri Döwlet awtomobil inspeksiýasynyň ähli işgärlerine mälim, olar bolsa, kada bolşy ýaly, şol awtomaşynlary sürüjileriň ýol hereketi düzgünlerini bozýan halatlaryna gulak gabartmaýarlar, düzgüniň bozulmagyny registrirlemeýärler we olar bilen başga hili profilaktiki işi alyp barmaýarlar. Şeýle sürüjileriň eden düzgün bozmalarynyň öňüni almak barada DAI-niň işgärleriniň eden kanuny hereketleri üçin, olara esassyz ýerden temmi berlen halatlary hem bar.

Birentek sürüjiler ýörite belgilere duwlanyp, jogapkär wezipeli adamlaryň penakärliginden peýdalanyp, hereket howpsuzlygy kadalaryny äsgermeýärler, şol kadalary bozýarlar, şonluk bilenem ýollarda awariýa ýagdaýyny döredýärler, munuň bolsa agyr netijelere getirýän halatlary az bolmaýar.

Şeýle ýagdaý respublikanyň merkezi Aşgabat şäherinde hem, oblast merkezlerinde hem, şäherlerde we raýonlarda hem emele geldi.

Dowam edýän kadadan gyşarmalar herekete gatnaşýanlary azdyrýar, sürüjileriň esasy köpçüliginiň we ilatyň adalatly nägilelik bildirmegine getirýär.

Awtotransport serişdelerini sürüjileriň düzgün-nyzamyny pugtalandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Ýeňil awtomobillerden peýdalanýan adamlaryň nähili wezipe eýeleýändigine garamazdan, döwlet organlaryna we jemgyýetçilik guramalaryna, degişli şol awtomobillerden ýörite döwlet nomer belgileriniň hemmesini bir aýyň içinde aýyrmagy Türkmenistan SSR Içeri işler ministrliginiň Döwlet awtomobil inspeksiýasyna tabşyrmaly.

Beýleki awtotransport serişdelerine garanda (operatiw awtotransport serişdelerinden başga) artyk hukuk berýän aýratyn nomer belliklerini (seriýalarynyň) ulanylmagyny mundan beýläk bes etmeli. Ýeňil awtotransporta diňe adaty seriýalardaky nomerleri bermeli.

2. Ýeňil awtotransportdaky ýörite seriýaly döwlet nomer belliklerini ýokarda görkezilen möhletiň içinde adaty (nobatlaýyn nomer belgileri bilen çalşyrmagy Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine, ministrlikleriň we wedomstwolaryň, hojalyk organlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna, halk deputatlarynyň ýerli Sowetleriniň ispolkomlaryna tabşyrmaly.

3. Türkmenistan SSR Ministrler Sowetine öz awtotransport serişdeleri bolan soýuz tabynlygynda guramalar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde sürüjiler sostawynyň arasynda düzgün-nyzamy üzül-kesil pugtalandyrmak, gulluk awtomobillerini peýdalanmakda tertibi ýola goýmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak baradaky çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrmaly.

Şu Permanyň ýerine ýetirilişi barada şu ýylyň 1-nji noýabryna çenli maňa habar bermeli.

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Başlygy S.Nyýazow

Aşgabat şäheri

1990-njy ýyl, 7-nji sentýabr

№ 16-XII.