Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 12.03.1992

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

12.03.1992 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.03.1992 ý. çykaran № UP-333 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.10.2013 ý. çykaran № PP-6434 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 184-madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.04.1993 ý. çykaran № PP 798, 03.04.2003 ý.çykaran № PP 3847 Permanlarynyň esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Magtymguly adyndaky Döwlеt baýragynyň ähmiýеtini mundan bеýläk-dе ýokarlandyrmak maksady bilеn karar edýärin:

1. 1992-nji ýyldan başlap, her ýyl berilýän Magtymguly adyndaky baýraklarynyň altysyny döretmeli.

Şol baýraklaryň:

Üçüsi Türkmenistanyň graždanlaryna türkmen edebiýatynyň has talantly, ýokary çeperçilikli eserleriniň we edebiýaty öwreniş işleriniň, saz, kino eserleriniň, şekillendiriş we teatr sungaty eserleriniň, telewizion hem-de radio programmalarynyň we tygşytly arhitektura desgalarynyň döredilendigi, konsert işi üçin, şeýle hem aýry-aýry graždanlaryň, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň Magtymgulynyň ynsanperwerçilik ideaýalaryny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär;

Bir baýrak çagalar üçin aýratyn görnükli we has talantly, ýokary çeperçilikli eserler üçin berilýär;

Iki baýrak daşary ýurt graždanlaryna Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge we milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglar üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň klassygy Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenmek we wagyz etmek baradaky işler üçin berilýär diýip bellemeli.

Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň pul bölegini 10 müň amerikan dollary möçberde bellemeli.

2. Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakyndaky düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky Komitеtiň düzümini wе Komitet hakyndaky düzgünnamany tassyklamaly (seret: Türkmenistanyň Prezidentiniň 03.04.2003 ý. № 3847 Permany bilen tassyklanan düzümi).

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 12-nji marty

№ UP-333

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1992-nji ýylyň 12-nji martynda

çykaran № UP-333 Permany bilen

tassyklanyldy

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary (mundan beýläk baý-raklar diýlip atlandyrylýar) has talantly, ýokary çeperçilikli edebiýat eserleriniň we edebiýaty öwreniş işleriniň, saz, kino eserleriniň, şekillendiriş, teatr sungaty eserleriniň, telewizion hem-de radioprogrammalaryň, original we tygşytly artitektura desgalarynyň döredilenligi, konsert işi üçin, aýry-aýry graždanlaryň, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň Magtymguly ynsanperwerçilik ideýalaryny durmuşa geçirmäkde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem çagalar üçin aýratyn görnükli we has talantly, ýokary çeperçilikli eserler üçin berilýär.

Daşary ýurt graždanlaryna baýraklar Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge we milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglar üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň klassygy Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenmek we propagandirlemek baradaky işler üçin berilýär.

2. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň /mundan beýläk Komitet diýlip atlandyrylýar/ garamagyna çeper edebiýat eserleri, şol sanda terjimeler, tankydy, jurnalistika, şekillendiriş, saz, teatr sungaty, arhitektura eserleri, horeografiýa, konsert programmalary, telewision we radioprogranmalary, çeper, dokumental, ylmy-populýar, kino we telefilmler şeýle hem çagalar üçin eserler kabul edilýär,

3. Baýrak almaklyga işler ministrlikler, döwlet komitetleri, wedomstwolar, döredijilik jemgyýetçilik guramalary, ylmy edaralar, ýokary okuw jaýlary, gazetleriň we žurnallaryň redaklsiýalary, neşirýatlar, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň zähmetkeşler kollektiwleri tarapyndan ýazylyp berilýär. Işler kollegiýalaryň, prezidiumlaryň, prawleniýeleriň sekretariýatlarynyň, çeperçilik we ylmy sowetleriň mejlislerinde, zähmetkeşler kollektiwleriniň edaralarynda işlere baha bermäge ýokary talapkärçilik bilen çemeleşmek ýagdaýynda, baýrak almaga her bir dalaş edýäniň döredijilik goşandyny nazar almak bilen, jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagynda we doly agzalygy üpjün etmek arkaly hödürlenilýär.

adminstratiw, konsultatiw we guramaçylyk işinden ugur alyp adamlary dalaş edýänleriň kollektiwiniň düzümine goşmaga ýol berilmeýär. Dalaş edýänleriň sany 7 adamdan köp bolmaly dälidir.

4.Soňky bäş ýylyň dowamynda, ýöne işleri kabul etmegiň tamamlanylmagyna azyndan bir ýyl galandan öň çap edilen (jemagat öňünde görkezilen, bina edilen) edebiýat we sungat eserleri, ylmy işler hem-de arhitektura desdgalary býarak almaga hödürlenip bilner.

5. Öň Türkmenistanyň Lenin komsomolynyň, SSSR ministrler sowetiniň baýraklaryna, SSSR-iň döwlet baýraklaryna mynasyp bolan işler Magtymguly adyndaky baýraklary almaga hödürlenilmeýär. Şol bir kadidatura bir wagtyň özünde iki we şondan köp iş boýunça baýrak almaga hödürlenilip bilinmez.

Magtymguly adyndaky baýragyň laurýatlary uly üstünlikler gazananda şu baýrak ikinji gezek berlip bilner, ýöne soňraky baýragy almaga öňki baýragyň berleninden azyndan 5 ýyl geçenden soň hödürlenilip bilner.

6. Baýrak almaga hödürlenilýän işleri komitet baýraklary bermeli ýylyň öň ýanyndaky ýylyň 1-nji sentýabryndan 31-nji dekabryna çenli kabul edýär.

Dokumentleri bermegiň we resmileşdirmegiň tertibi Komitet tarapyndan tassyklanylýan instruksiýa arkaly kesgitlenilýär.

7. Deslaplaýyn öwrenmegiň netijeleri boýunça Komitet tarapyndan garalmaga kabul edilen işleriň sanawy, kabul etmek işi tamamlanandan soň awtorlar we oalry hödürlän guramalar görkezilmek bilen metbugatda çap edilýär.

8. Komitet tarapyndan garalýan işler metbugatda, telewizion we radio gepleşiklerinde, jemgyýetçiligiň, zähmet hem-de okuw kollektiwleriniň ýygnaklarynda, alymlar sowetleriniň, çeperçilik, redaksion-neşriýat sowetleriniň mejlislerinde, döredijilik hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalrynda giňden we hemme taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Ara alyp maslahatlaşmak giň jemgyýetçiligiň pikirini we berýän bahasyny äşgär ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän demokratik, diskussion häsiýetli bolmalydyr. Şol ara alyp maslahatlaşmalaryň materiallary, synlar, rezensiýalar, bellikler we teklipler Komitete iberilýär hem-de baýrak almaga hödürlenilen işlere soňra garalanda göz öňünde tutulýar.

Ara alyp maslahatlaşmagy guramak ministrlikleriň, döwlet komitetleriniň, wedomstwolaryň, döredijilik soýuzlaryň, jemgyýetçilik guramlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň, gazetleriň hem-de žurnallaryň redkollegiýalarynyň üstüne ýüklenilýär.

9. Baýrak almaga hödürlenilen işleriň sanawy çap edilenden soň Komitetiň agzalary olar bilen dykgat berip tanyşýarlar, jrmgyýetçilik pikirini umymylaşdyrýarlar we soňra hödürlenilen işlere öz mejlislerinde garaýarlar hem-de şondan beýläk ara alyp maslahatlaşmak üçin has mynasyp eserleri seçip alýarlar.

Zerur halatynda Komitetiň agzalary işleri has doly we hemme taraplaýyn öwrenmek üçin ýerlere gidýärler.

10. Komitet baýraklary almaga hödürlenilen ähli işlere garap, şolardan has göenüklileriniň awtorlaryna baýraklar bermek hakynda kararlar kabul edýär.

Baýraklar kollektiwlere berlen mahalynda Komitet şu aşakdaky kadany goldanýar:

Kollektiwiň iki agzasy bolonda baýrak olaryň arasynda deň paýlanýar;

Kollektiwde üç adam bolanda ýolbaşça baýragyň ýarysy berilýär, ikinji ýarysy bolsa kollektiwiň iki agzasynyň arasynda deň paýlanýar;

Kollektiwde dört we şondan köp adam bolanda ýolbaşça baýragyň üçden bir bölegi berilýär, üçden iki bölegi bolsa kollektiwiň galan agzalarynyň arasynda deň paýlanylýar. Kollektiw ýolbaşçyny hödürlemedik halatynda baýrak kollektiwiň ähli agzalarynyň arasynda deň paýlanylýar.

11. Komitetiň baýraklary bermek hakyndaky kararlary gutarnyklydyr we olar Magtymgulynyň poeziýa gününde metbugatda çap edilýär.

12. Baýrak alan adamlara « Magtymguly adyndaky baýragyň laureaty» diýen at berilýär, laureatyň diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar, bellenilen möçberde baýragyň pul bölegi tölenilýär.

13. Aradan çykan lauratyň hem-de aradan çykanyndan soň sylaglanylanyň diplomy we hormat nyşany onuň maşgalasyna galdyrylýar we maşgalasyna berilýär. Baýragyň pul bölegi Türkmenistanyň Graždan kodeksi arkaly bellenilen tertipde miras boýunça berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1992-nji ýylyň 12-nji martynda

çykaran №UP-333 Permany bilen

tassyklanyldy

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet (mundan beýläk komitet diýlip atlandyrylýar) bäş ýyl möhlet bilen döredilýär we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

Komitetiň düzümi we ondaky özgerişler hakyndaky maglumatlar metbugatda çap edilýär.

2. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny (mundan beýläk baýrak diýlip atlandyrylýar) bermek baradaky işleri guramak Komitetiň üstüne ýüklenilýär.

3. Komitet has görnükli döredijilik işgärlerinden, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden dürli guramalryň we zähmetkeşler kollektiwleriniň wekilleri bolan uly alymlardan hem-de belli spesialistlerden düzülýär. Komitete daşary ýurt graždanlary hem goşulyp bilner.

4. Komitet öz işiniň maksatlaryna laýyklykda:

Baýragyň laureatynyň diplomynyň proýektini, döşe dakylýan nyşanynyň nusgasyny we teswirini tassyklaýar;

Baýrak almak üçin kandidatlary hödürlemegiň hem-de dokumentleri resmileşdirmegiň tertibini belleýär;

Baýrak almak üçin kandidaturalar baradaky teklipleriň nobatdaky kabul edilşini mälim edýär;

Baýrak almaga hödürlenilen işleri kabul edýär, olary hödürlemek tertibiniň takyk berjaý edilmegini dokumentler esasynda üpjün edýär;

Konkursa gatnaşmak üçin has mynasyp işleri seçip alýar, şol işleriň sanawyny, awtorlaryny hem-de olary hödürlän guramalary görkezmek bilen, metbugat organlarynda çap edýär;

Baýraklary almaga hödürlenilen işleriň jemgyýetçilik tarapyndan giňden hem-de aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmagyny guramaga gatnaşýar, jemgyýetçiligiň pikirleri we berýän bahalary ýüze çykarylan mahaly aýanlygy üpjün etmäge ýardam edýär;

Jemgyýetçiligiň baýraklary almaga hödürlenilen kandidatlar babatdaky pikirlerini we berýän bahalaryny umumylaşdyrýar, baýraklary bermek hakynda kararlar kabul edýär;

Baýragyň laureatynyň diplomlaryny, şahadatnamalaryny we döşe dakylýan nyşanlaryny resmileşdirýär, olaryň gowşurylmagyny guraýar hem-de laureatlara bellenilen möçberlerde pul baýraklaryny tölemegi geçirýär;

Baýragyň laureatlarynyň duşuşyklaryny geçirýär hem-de olaryň işi hakynda jemgyýetçilige habar berýär.

5. Komitete şu aşakdakylara hukuk berilýär:

baýrak almaga hödürlenilen işlere deslap garamak, şol işleriň derejesi hakyndaky netijeleri hem-de şolar boýunça teklipleri taýýarlamak üçin edebiýatyň, sungatyň we arhitekturanyň dürli ugurlary boýunça seksiýalary we ekspert komissiýalaryny döretmäge;

baýrak almak üçin gelip gowşan işleri lisenzirlemäge we olaryň ekspertizasy üçin edebiýat, sungat hem-de arhitektura boýunça aýry-aýry spesialistleri çekmäge;

baýrak almaga hödürlenilen işleri ekspertleýin netije çykarmak üçin ylmy, döredijilik we döwlet guramalaryna ibermäge;

komitetiň agzalaryny, ekspertleri we ekspert komissiýalaryny teatr oýunlaryny hem-de monumental sungat we arhitektura eserleri bilen ýerinde tanyşmak üçin ibermäge;

komitetiň agzalaryna we ekspertlere komandirowka çykdajylaryny bellenilen smetanyň çäklerinde tölemäge. Komandirowkalar boýunça çykdajylaryň smetasy Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanylýar;

işleri baýrak almaga hödürlemegiň we olary ekspertleýin garamyň bellenilen tertibiniň berjaý edilşine kontrollygy amala aşyrmaga, işleri ara alyp mahlahatlaşmak we olara baha bermek üçin metbugat organlaryna, döredijilik, ylmy we beýleki edaralara ýüz tutmaga;

Komitetiň işgär sanyny 3 birlik diýip bellemeli

6. Işleri lisenzirlemek we olaryň ekspertizasy boýunça Komitetiň ştat birliklerini saklamak üçin çykdajylar Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.

7. Komitetiň jemleýji mejlisi her ýyl aprel-maý aýynda Aşgabat şäherinde geçirilýär we Komitetiň agzalarynyň azyndan 4/3 bolan mahalynda ygtyýarly hasap edilýär.

8. Komitetiň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň apparaty tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Komitetiň baýraklary bermek hakyndaky kararlary gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Eger Komitetiň mejlise gatnaşan agzalarynyň azyndan 2/3-si karar üçin ses berse, karar kabul edildi diýlip hasap edilýär we ol gutarnyklydyr.

Komitetiň agzasynyň işi baýrak almaga hödürlenilen halatynda onuň awtory Komitetde öz işini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaýar.

10. Baýraklary bermek hakyndaky karara Komitetiň ýazyp bermegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär we ol her ýyl Magtymgulynyň geçirilýän güni metbugatda çap edilýär.

11. Komitetiň Türkmenistanyň döwlet gerbi şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri bardyr.