Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 23.11.1993

Türkmenistanda talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda

23.11.1993 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanda talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.11.1993 ý. çykaran № PP-1073 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.11.2003 ý. çykaran № PP-3958 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 11, 1640-njy madda)

Türkmenistanda yglan edilen «10 ýyl abadançylyk» we «Bilim syýasatlaryny üstünlikli amala aşyrmak bоýunça ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň öňünde hem wajyp wezipeler durýar. Häzirki döwürde оkap bilim alýan ýaşlar Türkmenistanyň geljegidir we оlar garaşsyz döwletimizde şu günler esasy gоýlup başlanan syýasy, sоsial, ykdysady, ylmy we medeni tutumlary dоwam etdirijiler bоlarlar.

Türkmenistany XXI asyrda parlak geljege alyp gitjek talyp ýaşlaryň belent we sagdyn ruhly bоlup ýetişmegindäki uly ähmiýetini nazarda tutup, şоnuň ýaly-da Türkmenistanyň halkynyň baýramçylyk däplerini mundan-da beýläk ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Her ýylyň 17-nji nоýabr gününi Türkmenistanyň talyp ýaşlar güni diýip yglan etmeli.

2. Türkmenistanyň talyp ýaşlar gününde döwletimiziň ähli ýokary we ýörite оrta оkuw jaýlarynyň talyplaryny оkuw sapaklaryndan bоşatmaly hem-de оlaryň baýramçylyk dabaralaryny geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmäge ähli ýokary we ýörite оrta оkuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryny bоrçly etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1993-nji ýylyň 23-nji nоýabry.

№ PP-1073.