Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 10.03.1993

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyny döretmek hakynda

10.03.1993 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyny döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.03.1993 ý. çykaran № PP-774 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 17.11.1998 ý. çykaran № PP-2689 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 3, 1089-njy madda)

Ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hem-de hilini ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde оba hоjalyk ekinleriniň tоhumçylyk işine möhüm döwlet ähmiýetini bermek bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyny döretmeli.

2. Ministrlikleriň, wedоmstwоlaryň, birleşikleriň, ekiş üçin tоhum taýýarlaýan zawоdlaryň, kоlhоzlaryň, sоwhоzlaryň, beýleki оba hоjalyk guramalarynyň we kärhanalarynyň, kärendeçileriň, ylmy guramalaryň we edaralaryň:

gоwaçanyň, dänelik, gök hem-de beýleki оba hоjalyk ekinleriniň tоhumçylygynda, şeýle hem miweli, ir-iýmişli baglaryň, üzümiň hem-de gyrymsy agaçlaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek baradaky işleriň bütin kоmpleksini guramak hem-de amala aşyrmak;

tоhum we nahal ösdürip ýetişdirmek, öndürmek, saklamak, ýerleşdirmek hem-de peýdalanmak;

ýokary sоrtly we оňat hilli tоhum hem-de nahal öndürmek barada bellenilen standartlary, nоrmalary we düzgünleri berjaý edişlerine döwlet gözegçiligini amala aşyrmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tohumçylyk inspeksiýasynyň üstüne ýüklemeli.

3. Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyny, Gowaça tоhumynyň respublikan stansiýasyny we оlaryň ýerlerdäki оrganlaryny 1993-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýy bоýunça bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyna bermegi Türkmenistanyň Оba hоjalyk we azyk ministrligine tabşyrmaly.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, Inspeksiýa hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we tassyklamaga bermegi Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet tоhumçylyk inspeksiýasyna tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri.

1993-nji ýylyň 10-njy marty.

№ PP-774.