Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebini döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.02.1993 ý. çykaran № РР-769 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.03.2012 ý. çykaran № PP-6025 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebini
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 2, 1028-madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.04.1995 ý. çykaran №PP-1528 Permany esasynda üýtgetmеler we goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň içeri işler organlary üçin ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabatdaky milisiýanyň ýörite orta mekdebiniň bazasynda Turkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiiň Ýokary mekdebine Türkmenistanyň içeri işler organlarynda gulluk etmäge saglyk ýagdaýy boýunça ýaramly, orta bilimli, ýaşy 27-ä çenli, Türkmenistanyň erkek jynsyndan bolan graždanlary, esasan-da, içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler düzüminden bolan, şeýle hem hakyky harby gullugyň möhletlerini tamamlan adamlar kabul edilýärler diýip bellemeli.
3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebiniň diňleýjilerine Ýokary mekdepde okan bütin döwründe hakyky harby gulluga çagyrylmagyň möhletiniň yza çekilmegine ygtyýar bermeli hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde olaryň aýratyn hasabyny ýöretmeli.
Türkmenistanyň Içepi işler ministrliginiň Ýokary mekdebinde okalan döwri hakyky harby gullugyň möhleti hasap etmeli.
4. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebini saklamak üçin çykdajylar Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar diýip bellemeli.
5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebi hakyndaky düzgünnamany bir aý möhletde işläp taýýarlamagy we tassyklamagy Türkmenistanyn Içeri işler ministrligine tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 12-nji fewraly
№ PP-769