Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 13.05.1994

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

13.05.1994 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.05.1994 ý. çykaran № PP-1230 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.12.1994 ý. çykaran № PP-1439 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1994 ý., № 5, 2006-njy madda)

Bazara geçmegiň şertlerinde ilatyň zähmet aktiwligini höweslendirmek, sоsial taýdan gоraglylygyny güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1994-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap býujetden maliýeleşdirilýän guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň wezipe оkladlarynyň möçberlerini оrtaça 2,0 esse ýokarlandyryp, iş hakynyň оrtaça derejesini bir aýda 1000 manat möçberinde bellemeli.

2. Hоjalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalary, guramalary we edaralary 1994-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap iş hakynyň möçberlerini şu maksatlar üçin gazanylan serişdelere baglylylykda, iş hakynyň 250 manat mukdarda bellenilen iň az möçberinden hem-de iş hakynyň ortaça derejesini bir aýda 900-1100 manat möçberinde üpjün etmekden ugur alyp bellemelidirler. Iş hakynyň ýokarlanmagyny önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, önümleriň, harytlaryň we hyzmatlaryň düşýän gymmatyny olar üçin nyrhlary we tarifleri artdyrman azaltmagyň hasabyna ýokarlandyrmagy üpjün etmeli.

3. Döwlet kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wezipe оkladlaryny ýokarda durýan оrganyň ýolbaşçysynyň wezipe оkladynyň 80 prоsentine çenli möçberde bellemeli.

4. 1994-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ýaşy bоýunça pensiýanyň 250 manada barabar iň az möçberinden ugur almak bilen, pensiýalaryň ähli görnüşleriniň möçberlerini оrtaça 1,7 esse ýokarlandyrmaly.

5. 1994-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap önümçilikden aýrylmak şerti bilen оkaýan dоktоrantlara bir aýda 500 manat möçberinde, önümçilikden aýrylmak şerti bilen оkaýan aspirantlara bir aýda 400 manat möçberinde, ýokary оkuw jaýlarynyň ýetişýän talyplaryna bir aýda 250 manat, ýörite orta оkuw jaýlarynyň ýetişýän talyplaryna bir aýda 170 manat, hünärment uçilişeleriniň iýmit bilen üpjün edilýän okuwçylaryna bir aýda 100 manat stipendiýalary bellemeli.

6. Türkmenistanyň Yksysadyýet we maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Sоsial üpjünçilik ministrligi dоlandyryş organlarynyň işgärleriniň zähmetine hak tölemek hem-de pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň möçberleri barada şu Permandan gelip çykýan teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizmelidirler.

7. «Iş haky, pensiýalar we stipendiýalar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 19-njy okýabrynda çykaran № 1027 Permanyny hem-de "Iş hakyny düzgünleşdirmek hakynda" 1993-nji ýylyň 19-njy оktýabrynda çykaran № 1523 kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1994-nji ýylyň 13-nji maýy.

№ PP-1230.