Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 25.03.1994

Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk sowetini döretmek hakynda

25.03.1994 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk sowetini döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.03.1994 ý. çykaran № PP-1199 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.06.2001 ý. çykaran № PP-3416 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk sowetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1994 ý., № 3, 1876-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.02.1996 ý. çykaran № PP-1732 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Döwlet organlarynyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, howpsuzlygyny, goranmak ukybyny, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny berkitmek baradaky işinde zerur utgaşyklylygy üpjün etmek, ösüşiň uly möçberli «10 ýyl abadançylyk» programmasyny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, döwletiň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmakda ylalaşylan kararlary kabul etmek, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de pugtalandyrmak, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda oňyn bitaraplyk we goranmak üçin ýeterlilik ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen hem-de syýasy, ykdysady, hukuk we harby häsiýetli utgaşdyrylan çäreler ýoly bilen durmuşa geçirilýän diňe goranmak häsiýetli harby doktrinadan ugur almak bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk sowetini şu aşakdaky düzümde döretmeli:

S.A.Nyýazow - Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly, Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk Sowetiniň Başlygy

B.G.Sarjaýew - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Goranmak we milli howpsuzlyk Sowetiniň Başlygynyň orunbasary

J.Amansähedow - Ahal welaýatynyň häkimi

B.Aşyrlyýew - Türkmenistanyň Baş prokurory

A.Kabulow – Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Komanduýuşisi

G.G.Kasymow - Türkmenistanyň Içeri işler ministri

D.A.Köpekow - Türkmenistanyň Goranmak ministri

S.Motaýew - Daşhowuz welaýatynyň häkimi

H.O.Orazmuhammedow - Aşgabat şäheriniň häkimi

M.Orazow - Mary welaýatynyň häkimi

P.Ödäýew - Lebap welaýatynyň häkimi

R.Puhanow - Balkan welaýatynyň häkimi

S.Seýidow - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy

T.Hallyýew - Türkmenistanyň Ýustisiýa ministri

B.O.Şyhmyradow - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1994-nji ýylyň 25-nji marty.

№ PP-1199.