Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 27.12.1995

Adamyň hukuklary, jemgyýeti we döwleti demokratizasiýalaşdyrmak institutyny döretmek hakynda

27.12.1995 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Adamyň hukuklary, jemgyýeti we döwleti demokratizasiýalaşdyrmak institutyny döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.12.1995 ý. çykaran № PP-1699 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.10.1996 ý. çykaran № PP-1995 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Adamyň hukuklary, jemgyýeti we döwleti demokratizasiýalaşdyrmak institutyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 12, 2899-njy madda)

Sosaial-ykdysady özgerişlikleriň netijeli amala aşyrmak, hemişelik bitarap statusy bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek, adamyň hukuklary we azatlyklary babatda ylmy-amaly barlaglary geçirmek, ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň işini hukuk taýdan üpjün etmegi gowulandyrmak, kanunlary kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanynda Adamyň hukuklary, jemgyýeti we döwleti demokratizasiýalaşdyrmak institutyny döretmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1995-nji ýylyň 27-nji dekabry.

№ PP-1699.