Türkmenistanyň aýry-aýry kadalaşdyryş namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 17.12.1998 ý. çykaran № PP-2718 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.05.2000 ý. çykaran № PP-3108 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň aýry-aýry kadalaşdyryş namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 12, 7618-nji madda)
«Pensiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (1998 ýylyň 1 dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny arkaly girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) hem-de «Döwletiň hemaýat pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (1998 ýylyň 1 dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny arkaly girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň şu kadalaşdyryş namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
1. «Iş hakyny ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 16 iýulynda çykaran № 2555 Permanynyň 1 punktundan «döwlet tarapyndan tölenilýän durmuş hemaýat pullaryny» diýen sözleri aýyrmaly.
2. «Pensiýalaryň we döwletiň hemaýat pullarynyň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 8 sentýabrynda çykaran № 2616 Permanynyň 1 punktunda «1999 ýylyň 1 ýanwaryndan» diýen sözleri «2000 ýylyň 1 ýanwaryndan» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1998-nji ýylyň 17-nji dekabry.
№ PP-2718.