Türkmenistaiyň Polisiýa akademiýasyny döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.02.1998 ý. çykaran № РР-2476 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.03.2012 ý. çykaran № PP-6025 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
PERMANY
Türkmenistaiyň Polisiýa akademiýasyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7073-madda)
Ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamagy düýpli gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasyny döredip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti goşun generaly S.A. Nyýazow adyndaky Ýokary mekdebini ýatyrmaly.
2. Dünýädäki tejribäni hasaba almak bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy, olary döwlet garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň ideýalaryna, Watana hem-de Türkmenistanyň halkyna çäksiz wepalylyk ruhunda terbiýelemeli Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasynyň üstüne ýüklemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 19-njy fewraly
№ PP-2476