Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 18.05.1999

Ýeňiş gününi türkmen halkynyň milli baýramy diýip yglan etmek hakynda

18.05.1999 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýeňiş gününi türkmen halkynyň milli baýramy diýip yglan etmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 19.05.1999 ý. çykaran № PP-2845 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýeňiş gününi türkmen halkynyň milli baýramy diýip yglan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 5, 205-nji madda)

Türkmen halkymyzyň gerçek ogullarynyň II Jahan urşunda görkezen gahrymançylyklaryny, Watan goragynda ýüz müňlerçe türkmenistanly ýigitleriň wepat bolandygyny we ýaş neslimizde türkmen halkyna mahsus bоlan edermеnlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik ýaly beýik hasiýetleri terbiýelemek maksady bilеn, karar edýärin:

Her ýylyň 9-maýyny türkmen halkynyň milli baýramy – Ýeňiş güni diýip yglan etmeli we ony dynç alyş güni diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

1999-njy ýylyň 18-njy marty.

№ PP-2845.