Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Metbugat işleri baradaky uprawleniýäni döretmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 10.03.1999 ý. çykaran № PP-2801 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.01.2001 ý. çykaran № PP-3328 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Metbugat işleri baradaky uprawleniýäni döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 3, 101-nji madda)
Neşirýatlaryň we çaphana kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şeýle hem köp reňkli, ýokary hilli çap edilen önümleri çykarmagy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabiiretiniň ýanynda Metbugat işleri baradaky uprawleniýäni döredip, «Türkmenmetbugat» döwlet önümçilik birleşigini ýapmaly.
2. «Türkmenmetbugat» döwlet önümçilik birleşigini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-ýylyň 11-fewralynda çykaran № 2123 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
1999-njy ýylyň 10-njy marty.
№ PP-2801.