Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 21.11.2000

Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

21.11.2000 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.11.2000 ý. çykaran № PP-3263 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.08.2003 ý. çykaran № PP-3899 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 11, 592-nji madda)

«Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 27-nji noýabry.

№ PP-3263.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2000-ýylyň «27» noýabrynda

çykaran № PP-3263 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň* (*Mundan beýläk – Gerb) şekili, reňk öwüşgini, ýasalýan serişdeleri we möçberleri (№ 1 we 2 goşundylar) baradaky talaplary belleýär.

2. Gerbiň şekili, möçberleri we reňkleri «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň 19-fewralyndaky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň 2-maddasyna hem-de şu Düzgünnamanyň № 1 we 2-goşundylaryna laýyk bolmaly.

Milli gölleriň, ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň şekili we reňkleri «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-ýylyň 5-martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562-2000 «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» diýen döwlet standarty boýunça ýerine ýetirilýär.

Gerbiň şekiliniň bir öwüşginde (reňksiz) ýerine ýetirilmegine ýol berilýär.

3. Gerbiň reňkleriniň dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite PANTONE TEXTILE, 1992 ý. Atlasy (katalogy) boýunça şu ölçegleri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 16-6240 TP boýunça;

gyzyl reňk - 17-1654 TP boýunça;

sary reňk - 14-0955 TP boýunça;

gara reňk - 19-4205 TP boýunça;

mawy reňk - 17-4041 TP boýunça.

4. Ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň, ýaprakly açylan gowaça gozalarynyň, bugdaý sünbülleriniň, milli haly gölleriniň we Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň meşhur ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemleýän Ýanardag ahalteke bedewiniň şekili we reňkleri nusgalyk etalona laýyk bolmaly.

Gerbleriň dürs ýasalmagyny deňeşdirmek üçin nusgalyk etalon «Türkmenstandartlary» Baş böwlet gullugynyň standart nusgalyklarynyň döwlet gorunda saklanylýar.

5. Gerbiň şekili «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň 19-fewralyndaky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň 5-maddasynyň dördünji, bäşinji, altynjy we ýedinji bentlerinde sanalyp geçilen resmi namalaryň we çaphana önümleriniň ýüzünde onuň şu Düzgünnamada bellenilen möçberlere barabar takyk we aýdyň şekillendirilmegini üpjün edýän tehnologik usulda ýerine ýetirilýär.

6. Gerb poslamaýan bitewi metalyň tutuş böleginden ýa-da durky üýtgemeýän başga bir materialdan ýasalmaly.

Gerb şekillendirilende howanyň täsirine durnukly reňkler ulanylmaly. Gerbiň laýyklyk güwänamasy bolmaly.

7. Gerb «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň 19-fewralyndaky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň 3-maddasynyň ikinji we üçünji bentlerinde sanalyp geçilen binalaryň ýüz tarapyndan Gerbiň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr ýokarda bolar ýaly edilip ýerleşdirilýär.

8. Gerb düýpli abatlamak işleri geçirilýän, bibat ýagdaýda bolan binalaryň ýüz tarapynda ýa-da ýüz tarapy abatlanylýan binalarda, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça beýleki halatlarda ýerleşdirilmeýär.

9. Gerbiň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň binalarynda «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň 19-fewralyndaky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň we şu Düzgünnamanyň talaplary berjaý edilip ýerleşdirilmegi üçin jogapkärçilik şol ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, yerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenilýär.

10. Şekili kemli Gerbi peýdalanmak gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gerbi

hakyndaky Düzgünnama

1 goşundy

Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili

Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň (mundan beýläk - Gerb) şekili, reňkleri we möçberleri «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň 19-fewralyndaky Türkmenistanyň № 654-XII Kanunynyň 2-maddasynyň we Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky Düzgünnamanyň talaplaryna laýyk bolmaly.

Gerb umumy merkezi bolan, biri-biriniň içinde ýerleşdirilen mawy reňkli kiçi (diametri d), gyzyl reňkli ortaky (diametri 2 d) we ýaşyl reňkli uly (diametri 3,2d) üç tegelek bilen emele getirilýär.

Tegelekleriň arasynda 0,02d barabar birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolaklar bar. Gerbi jähekleýän sary-altynsow zolagyň ini tegelekleriň arasyndaky zolaklaryň ininiň iki essesine (0,04 d) barabardyr.

Gerbiň merkezinde kiçi tegelegiň içinde garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ýanardag ahalteke aty nusgalyk etalona laýyklykda şekillendirilendir. 1991-ýylda doglan Ýanardag bedewi Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşytdaşydyr, ol ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemläp, Ýanardag-Altyndag adyna kybapdaş altyn öwsüp, görmegeý keşbine gelşip duran, ýeňil gopýan hereketleri bilen altyn asyryň altyn bedewidir.

Ortaky tegelegiň daşyndaky halkalaýyn zolakda bäş sany milli göl nusgalyk etalonlara laýyklykda şekillendirilip, olaryň merkezleri sary-altynsow zolagyň gyralaryndan deň uzaklykda bolan merkezli tegelekde biri-birinden deň uzaklykda ýerleşendir.

Haly gölleri olaryň daşky erňekleri tegelekleri çäklendiriji zolaklardan 0,04d uzaklykda bolar ýaly, sagadyň diliniň ugruna laýyklykda ýokardan aşak ahalteke, salyr, ärsary, çowdur, ýomut göli tertipde ýerleşýär.

Uly tegelegiň halkalaýyn zolagynda dik oka garanyňda simmetrik ýagdaýda:

aşaky böleginde - sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen ak pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ýedisi;

ortaky böleginde - sary-altynsow reňkli iki bugdaý sünbüli;

ýokarky böleginde - ak reňkli bäş sany bäşburç ýyldyz bilen ýarymaý şekillendirilendir.

Gozanyň iki tarapyndan-da sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen, 0,2d diametrli tegelege ýerleşdirilen, pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozasynyň esasy şekili Gerbiň dik okunda ýerleşdirilendir we nusgalyk etalona laýyk bolmaly.

Esasy şekil ýaly ýaprakly gowaça gozalary tegelekleriň arasyndaky sary-altynsow zolaklardan deň uzaklykda töwerek okunda biri-birinden deň uzaklykda ýerleşdirilendir (goňşy gozalaryň merkezleriniň arasyndaky aralyk 0,4d barabardyr).

Gowaça gozalarynyň dik oklary Gerbiň merkezinden başlanýan şöhlelerdir, gozalaryň özi bolsa her bir soňraky goza öň ýanyndaka garanyňda agdarylan görnüşde şekillendirilip ýerleşdirilendir.

Gerbde bugdaý sünbülleri nusgalyk etalona laýyklykda şekillendirilendir. Sünbülleriň gapdal gyralary biri-birine galtaşmaýar, çäklendiriji sary-altynsow zolaklaryň gyrasyndan 0,14d uzaklykda ýerleşýär, olaryň aşaky bölegi bolsa ýokarky gowaça gozalarynyň ýapraklaryna degýär.

Sünbüllerde jübüt ýerleşen 28 bugdaý dänesi bar. Sünbülleriň ýokarky gyrasynda biri-birinden deň aralykda ýerleşen, ýarymaýa we ýyldyzlara tarap gönükdirilen bäş baldak çykýar. Sünbülleriň ýokarky uçlary Gerbiň dik okunyň kiçi tegelegiň ýokarky bölegi bilen kesişýän nokadyndan 78 gradus ýapgytlykda başlanýan çyzyklar bilen çäklendirilýär.

Ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburç ýyldyz Gerbiň ýokarky böleginde onuň dik okunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000- ýylyň 3-martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562 - 2000 «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» döwlet standartyna № 3 goşundynyň talaplaryna laýyklykda şekillendirilendir.