Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 08.08.2000

Türkmenistanda öndürilýän we onuň çärlerine getirilýän harytlar üçin goşmaça tölegleri almak hakynda

08.08.2000 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanda öndürilýän we onuň çärlerine getirilýän harytlar üçin goşmaça tölegleri almak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.08.2000 ý. çykaran № PP-3153 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.03.2008 ý. çykaran № PP-5024 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda öndürilýän we onuň çärlerine getirilýän harytlar üçin goşmaça tölegleri almak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 8, 389-njy madda)

Türkmenistanda goşmaça tölegleri almagy tertipleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Goşmaça tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. 2000-ýylyň 1-sentýabryndan başlap goşmaça tölegler Goşmaça tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama bilen bellenilen tertipde we möçberlerde tölenilmeli.

3. Goşmaça tölegleri Türkmenistanda öndürilen harytlar boýunça salgyt edaralary, Türkmenistana getirilýän harytlar boýunça bolsa gümrük edaralary gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyran mahaly almaly.

4. Goşmaça tölegler Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine geçirilýär.

5. Salgyt maksatlary üçin, şol sanda goşmaça tölegleri we gümrük paçlaryny hasaplamak üçin:

lomaý bazar nyrhlary hakyndaky maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy;

bölek satuw bazar nyrhlary hakyndaky maglumatlary Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar instituty bermeli.

6. Salgyt töleýji aýry-aýry kanunçylyk namalaryna laýyklykda salgytlar barada ýeňilliklerden peýdalanýan we salgytlardan boşadylan halatlarda şol ýeňillikler hem-de boşadylmalar şeýle namalarda göni görkezilmedik bolsa, olar goşmaça töleglere degişli däldir.

7. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasy, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde ulanylýan gollanmalara şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri bir aý möhletde girizmeli.

8. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary ýoldaş S.Gandymow gözegçilik etmeli.

9. «Goşmaça tölegleri girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-ýylyň 6-ýanwarynda çykaran № 254 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1992 ý., № 1, 8-madda), Türkmenistanyň Prezidentiniň «Goşmaça tölegler barada» 1995-ýylyň 21-iýunynda çykaran № 2236 (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2647-madda), «Goşmaça tölegler barada» 1996-ýylyň 12-iýulynda çykaran № 2740 (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996 ý., № 7, 5103-madda), «Alkogolly önümler üçin goşmaça tölegler hakynda» 1999-ýylyň 19-iýulynda çykaran № 4275 (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 7, 375-madda), «Goşmaça tölegler hakynda 1999-ýylyň 18-awgustynda çykaran № 4325 (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmehistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 8, 438-madda), «Goşmaça tölegler hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-ýylyň 18-awgustynda çykaran № 4325 kararyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2000 ýylyň 31-ýanwarynda çykaran № 4555 kararlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 8-nji awgusty.

№ PP-3153.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2000-ýylyň «8» awgustynda

çykaran № PP-3153 Permany bilen

tassyklanyldy

Goşmaça tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda

DÜZGÜNMAMA

1. Türkmenistanyň çäklerinde goşmaça töleg alynýan harytlar bilen salgyt salynýan amallary, şeýle hem şeýle harytlaryň Türkmenistana getirilmegini amala aşyrýan, Türkmenistanda ýerleşen, şeýle hem ýerleşmedik şahsy adamlar we edara görnüşindäki taraplar, şereketler goşmaça töleg salgydyny töleýjiler diýlip ykrar edilýär.

Buýrujynyň iberýän çig malyndan (serişdelerinden) Türkmenistanyň çäklerinde öndürilýän, goşmaça töleg alynýan harytlar üçin goşmaça töleg salgydyny haryt öndüriji töleýär.

«Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan edara görnüşindäki taraplar salgyt salynýan işler hem-de Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän, nebit işleri üçin peýdalanylýan narytlar (enjamlar, tehnika, maddy gymmatlyklar) babatda goşmaça tölegi tölemeýär.

Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin «şereket» adalgasy Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen manyda ulanylýar.

Şereket bilelikde iş alyp barmak hakynda şertnama baglaşylan pursatdan başlap salgyt töleýji diýlip ykrar edilýär.

Şereket Türkmenistanyň çäklerinde iş alyp barýan şerekete gatnaşyjylaryň biriniň salgyt salmak üçin bellige alnan ýerindäki salgyt edaralarynda hasaba alynmaga degişlidir, goşmaça tölegi tölemek baradaky borçlar, şeýle hem şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan beyleki borçlar onuň üstüne ýüklenilýär. Şunda şeýle gatnaşyjyny seçip almak hukugy şerekete gatnaşyjylara degişlidir.

2. Özi barada goşmaça tölegiň möçberleri bellenilen harytlar ýa-da önümler soňra nähili maksat bilen peýdalanyljakdygyna garamazdan, goşmaça töleg alynýan harytlar diýlip ykrar edilýär.

3. Goşmaça töleg salgyt salynýan amallara we Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän, goşmaça töleg alynýan harytlara degişlidir.

4. Şu amallara salgyt salynýar:

özümizde öndürilen, şu Düzgünnamanyň 2-bölüminde görkezilen, goşmaça töleg alynýan harytlary ýerlemek;

«Türkmennebitgaz» döwlet söwda korporasiýasynyň benzini we dizel ýangyjyny eksporta ýerlemegi. Şunda goşmaça töleg şol nebit önümlerini eksporta ýerlemegiň bahasy bilen olary öndürijileriň lomaý-goýberiş nyrhlaryndan ugur alnyp hasaplanylan satyn alnyş bahasynyň arasyndaky tapawut esasynda hasaplanylýar;

buýrujynyň çig malyndan (serişdelerinden) goşmaça töleg alynýan harytlary öndürmek (ýasamak, guýmak) hyzmatlaryny etmek.

5. Goşmaça töleg alynýan harytlary ýerlemek diýlende salgyt maksatlary üçin goşmaça töleg alynýan harytlary satyn almak-satmak, çalyşmak, peşgeş bermek ýa-da eýeçilik hukugyny başga görnüşde bermek, şeýle hem goşmaça töleg alynýan harytlar üçin ätiýaçlandyrma öwezini dolmasyny almak netijesinde şol harytlar eýeçilik hukugynyň öndüriji bir tarapdan islendik beýleki tarapa berilmegi göz öňünde tutulýar.

6. Salgyt salmak maksady bilen, goşmaça töleg alynýan harytlary öz hajatlary üçin, şeýle hem öz işgärleri üçin peýdalanmaga, hatda degişli harajatlar önümçiligiň we dolanyşygyň çykdajylaryna degişli bolmasa hem şeýle harytlary ýerlemek diýlip ykrar edilýär.

7. Salgyt töleýjiniň öndürilen, goşmaça töleg alynýan harytlary edara görnüşindäki taraplaryň maýalyk goruna goýumlar görnüşinde bermegine hem goşmaça tölegleri hasaplamak maksady bilen, şeýle harytlaryň ýerlenilmegi hökmünde garalýar.

8. Öndürilen, goşmaça töleg alynýan harytlar saklanylan mahaly tebigy ýitgileriň bellenilen möçberlerinden artyk kem çykmagy, eger ygtyýarly edilen edaranyň şol harytlaryň ogurlanandygy ýa-da zaýalanandygy baradaky resmi taýdan tassyklamasy bolmasa, onda salgyt salmak maksady bilen, harydy ýerlemek diýlip ykrar edilýär.

9. Goşmaça tölegi hasaplamak üçin salgyt binýady şu Düzgünnamanyň 4-bölüminde görkezilen salgyt salynýan amallaryň bahasyndan, goşmaça töleg alynýan, Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar üçin bolsa-şol harytlaryň gümrük bahasyndan ybaratdyr.

Harytlaryň hakyky möçberi goşmaça töleg alynýan harytlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin salgyt binýady bolup durýar.

Barabar bomadyk alyş-çalyş mahaly alyş-çalyş edilýän, goşmaça töleg alynýan harytlaryň bahasyna goşmaça tölegleriň islendik möçberleri salgyt binýadyna goşulýar.

10. Salgyt binýady goşmaça töleg alynýan harytlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda kesgitlenilýär. Şunda salgyt salynýan amallaryň bahasy goşmaça töleg alynýan harydyň nyrhyndan ugur alnyp hasaplanylýan, islendik beýleki tarapdan salgyt töleýjiniň alýan ýa-da almaga haky bolan pul serişdeleriniň möçberinden ybaratdyr (goşulan baha üçin salgydyň möçberini goşmazdan). Goşmaça töleg alynýan harydyň nyrhy goşmaça tölegiň möçberini öz içine alýar. Salgyt binýady şu Düzgünnamanyň 16-bölüminiň düzgünleri nazara alnyp kesgitlenilýär.

Buýrujynyň berýän çig malyndan (serişdelerinden) öndürilen, goşmaça töleg alynýan harytlar ýerlenilen (berlen) mahaly salgyt salynýan amallaryň bahasy haryt öndüriji tarapyndan ulanylýan aňryçäk goýberiş nyrhlaryndan ugur alnyp kesgitlenilýär, şunda özümizde öndürilen şonuň ýaly harytlar barada öndürilen, goşmaça salgyt alynýan harytlar berlen günde alynýan goşmaça töleg nazara alynýar, şeýle harytlar ýok mahaly bolsa - şonuň ýaly harytlar üçin bazar nyrhlaryndan ugur alynýar.

Öndürilen, goşmaça töleg alynýan harytlar goşmaça tölegler alynmaýan harytlary öndürmek üçin peýdalanylan mahaly salgyt salynýan amalyň bahasy goşmaça tölegi hasaba almak bilen, peýdalanylan, goşmaça töleg alynýan harytlaryň hakyky düşýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

11. Salgyt töleýjiniň öndürilen, goşmaça töleg alynýan harytlary beýleki goşmaça töleg alynýan harytlary öndürmek üçin peýdalanmagy boýunça salgyt salynýan amallar goşmaça tölegi hasaplamak üçin salgyt binýadyna goşulmaýar.

12. Esasy salgyt salynýan amallar babatda kömekçi häsiýete eýe bolan harytlaryň ýerlenilmegine şeýle amalyň bir bölegi hökmünde garalýar.

13. Goşmaça töleg alynýan harytlary alyjy tarapyndan yzyna gaýtarylmaga degişli gaplaryň bahasy salgyt binýadyna goşulmaýar.

14. Haryt Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen mahaly harydyň goşmaça tölegiň möçberini özünde jemlemeýän gümrük bahasy salgyt binýady bolup durýar, şunda tölenilmäge degişli gümrük paçlary we ýygymlary nazara alynýar.

Getirilýän harytlaryň gümrük bahasy - bu harytlary Türkmenistanyň gümrük serhedine çenli eltmek (daşamak, ýüklemek, düşürmek, ätiýaçlandyrmak) boýunça çykdajylary hasaba almak bilen, daşary söwda geleşiginiň şertlerine laýyklykda hakykatda tölenilen ýa-da tölenilmäge degişli ýa bolmasa harytlary özara ibermek bilen öwezi dolunýan nyrhlar esasynda kesgitlenilýän bahasydyr.

Getirilýän, goşmaça töleg alynýan harytlar üçin şertnamalar bolmadyk, halatda harydyň gümrük bahasy birmeňzeş (kysymdaş) harytlar üçin bazar (lomaý) nyrhlardan ugur alnyp kesgitlenilýär.

15. Salgyt salynýan amallaryň bahasynyň, salgyt binýadyny artdyrýan pul serişdeleriniň möçberiniň, harytlaryň gümrük bahasynyň daşary ýurt pulundaky mukdary degişlilikde:

salgyt salynýan amalyň geçirilen senesinde;

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän, goşmaça töleg alynýan harytlaryň gümrükde resmileşdirilen senesinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulanýan hümmeti boýunça manatlara geçirilýär.

16. Eger şu bölüm bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, geleşige gatnaşyjy taraplaryň görkezen, goşmaça töleg alynýan harytlaryň nyrhy salgyt salmak maksady üçin kabul edilýär. Bäşgaça subut edilýänçä şu nyrh bazar nyrhlarynyň derejesine laýyk gelýär diýlip hasaplanylýar.

Şu düzgün döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän nyrhlar ulanylýan geleşiklere degişli däl.

17. Bazar nyrhy diýlende salgyt salynýan amallar amala aşyrylan günde isleg we teklip netijesinde haryt bazarynda emele gelen nyrh göz öňünde tutulýar.

18. Haryt alyşmak amallary boýunça geleşikler amala aşyrylanda goşmaça töleg alynýan harytlar muzdsuz berlende salgyt salynýan binýada kesgitlemek üçin goşmaça töleg alynýan şol ýa-da şonuň ýaly harytlaryň salgyt salynýan amallar geçirilen gündäki bazar nyrhy ulanylýar.

19. Goşmaça töleg alynýan harytlar öz hajatlary üçin, şeýle hem öz işgärleri üçin ýerlenilen mahaly olar boýunça degişli harajatlar önümçiligiň hem-de dolanyşygyň çykdajylaryna degişli bolmasa, salgyt binýadyny kesgitlemek üçin düşýän bahasyndan pes bolmadyk nyrh ýa-da şol ýa şonuň ýaly goşmaça töleg alynýan harytlary satyn almagyň nyrhy ulanylýar.

20. Eger geleşigiň şertlerinden goşmaça töleg alynýan harydyň nyrhyny kesgitlemek mümkin bolmasa, onda goşmaça töleg alynýan şol ýa-da şonuň ýaly harytlaryň salgyt salynýan amallar geçirilen gündäki bazar nyrhy ulanylýar.

21. Eger geleşige gatnaşýan taraplaryň goşmaça töleg alynýan harytlar barada ulanan nyrhlary goşmaça töleg alynýan birmeňzeş (kysymdaş) harytlar üçin bazar nyrhlaryndan (degişlilikde lomaý ýa-da bölek satuw nyrhlaryndan) 15 prosentden gowrak peseldilen bolsa, salgyt töleýji goşmaça tölegi bazar nyrhlaryndan ugur alyp hasaplamaga borçludyr. Şu tertip berjaý edilmedik mahaly salgyt edaralary bazar nyrhlaryndan ugur alnyp kesgitlenen salgydy we puşmana pullaryny goşmaça hasaplamak hakynda çözgüt çykarmaga haklydyr. Şu görkezilenler ýapylýan edara görnüşindäki tarapyň goşmaça töleg alynýan harytlarynyň galyndylaryny satmaga degişli däldir.

22. Harydyň bazar nyrhlary kesgitlenilen we ykrar edilen mahaly harytlar üçin bazar we birža nyrhlary hakyndaky maglumatlaryň resmi çeşmeleri, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň maglumat gory peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edaralar goşmaça töleg alynýan harytlar üçin bazar (lomaý we bölek satuw) nyrhlar hakyndaky malumatlary yzygiderli toplaýar, umumylaşdyrýar we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edýär.

23. Salgyt salynýan amallaryň salgyt binýady şu halatlarda düzediş girizilmäge degişlidir:

geçirilen salgyt salynýan amallar ýatyrylanda;

salgyt salynýan amaly geçirmegiň ýagdaýlary üýtgände;

bahalaryň ýa-da nyrhlaryň üýtgemegi netijesinde salgyt salynýan amalyň bahasy üýtgände;

goşmaça töleg alynýan harytlar salgyt töleýjä doly ýa kem-käs gaýtarylyp berlende;

geçen salgyt döwürlerine degişli bolan, hasaba alynmadyk salgyt salynýan amallar ýüze çykarylanda.

24. Salgyt binýadyny gaýtadan hasaplamak şu Düzgünnamanyň 23-bölüminde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan salgyt döwründe geçirilýär.

25. Salgyt binýadyna diňe degişli resmi esaslar bar mahaly düzediş girizilýär.

26. Goşmaça tölegleriň möçberleri we goşmaça töleg alynýan harytlaryň sanawy:

DYI-niň haryt sanawy boýunça harytlaryň kody Harytlaryň toparlarynyň ady Goşmaça tölegleriň möçberleri

DYI-niň haryt sanawy boýunça harytlaryň kody

Harytlaryň toparlarynyň ady

Goşmaça tölegleriň möçberleri

Öndürilen harytlar boýunça

Öndürilen harytlar boýunça

220300 Piwo bahasynyň 10 %-i

220300

Piwo

bahasynyň 10 %-i

2204, 2205, 2208-den Düzüminde alkogol bolan elin üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we beýleki alkogolly içgiler: 20 prosente çenli we 20 prosent 21-30 prosent aralygy 31-40 prosent aralygy 40 prosentden ýokary bahasynyň 15 %-i bahasynyň 30 %-i bahasynyň 40 %-i bahasynyň 55 %-i

2204, 2205, 2208-den

Düzüminde alkogol bolan elin üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we beýleki alkogolly içgiler:

20 prosente çenli we 20 prosent

21-30 prosent aralygy

31-40 prosent aralygy

40 prosentden ýokary

bahasynyň 15 %-i

bahasynyň 30 %-i

bahasynyň 40 %-i

bahasynyň 55 %-i

271000250 271000260 271000270 271000290 271000320 271000340 271000360 Awtomobil, awiasion we beýleki benzinler bahasynyň 40 %-i

271000250

271000260

271000270

271000290

271000320

271000340

271000360

Awtomobil, awiasion we beýleki benzinler

bahasynyň 40 %-i

271000590 271000610 271000690 Dizel ýangyjy bahasynyň 40 %-i

271000590

271000610

271000690

Dizel ýangyjy

bahasynyň 40 %-i

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça

220300 Piwo 1 litri üçin 0,5 amerikan dollary

220300

Piwo

1 litri üçin 0,5 amerikan dollary

2204, 2205 Üzüm çakyrlary we beýleki çakyrlar, şol sanda güýçlendirilen çakyrlar 1 litri üçin 1,5 amerikan dollary

2204, 2205

Üzüm çakyrlary we beýleki çakyrlar, şol sanda güýçlendirilen çakyrlar

1 litri üçin 1,5 amerikan dollary

2207, 2208-den Spirtli içgileri taýýarlamakda ulanylýan spirt (Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň kärhanalarynyň getirýän spirtinden, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan getirýän medisina spirtinden başga) 1 litri üçin 4 amerikan dollary

2207, 2208-den

Spirtli içgileri taýýarlamakda ulanylýan spirt (Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň kärhanalarynyň getirýän spirtinden, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan getirýän medisina spirtinden başga)

1 litri üçin 4 amerikan dollary

2208-den Güýjli spirtli içgiler, likýorlar we beýleki alkogolly içgiler 1 litri üçin 3 amerikan dollary

2208-den

Güýjli spirtli içgiler, likýorlar we beýleki alkogolly içgiler

1 litri üçin 3 amerikan dollary

2402 Temmäki önümleri Gümrük bahasynyň 150 prosenti, ýöne 1 gaby üçin azyndan 1,0 amerikan dollary

2402

Temmäki önümleri

Gümrük bahasynyň 150 prosenti, ýöne 1 gaby üçin azyndan 1,0 amerikan dollary

2403 Senagat taýdan taýýarlanan beýleki temmäki we temmäkiniň senagat taýdan taýýarlanan ornuny tutujy önümler 1 kilogramy üçin 10 amerikan dollary

2403

Senagat taýdan taýýarlanan beýleki temmäki we temmäkiniň senagat taýdan taýýarlanan ornuny tutujy önümler

1 kilogramy üçin 10 amerikan dollary

7113,7114, 7115, 7116 Gymmat bahaly metallardan ýasalan, gymmat bahaly metallar çaýylan zergärçilik önümleri we olaryň bölekleri, tebigy we ösdürilip ýetişdirilen dürden, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümler Gümrük bahasynyň 15 prosenti

7113,7114,

7115, 7116

Gymmat bahaly metallardan ýasalan, gymmat bahaly metallar çaýylan zergärçilik önümleri we olaryň bölekleri, tebigy we ösdürilip ýetişdirilen dürden, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümler

Gümrük bahasynyň

15 prosenti

8703-den Ýeňil awtomobiller: Dwigateliniň iş göwrümi 2 müň kub santimetre çenli we 2 müň kub santimetr bolan kiçi litražlylar; Dwigateliniň iş göwrümi 2 müň kub santimetrden ýokary bolan doly litražlylar Dwigateliniň 1 kub l santimetri üçin 0,25 amerikan dollar Dwigateliniň 1 kub santimetri üçin 0,35 amarikan dollary

8703-den

Ýeňil awtomobiller: Dwigateliniň iş göwrümi 2 müň kub santimetre çenli we 2 müň kub santimetr bolan kiçi litražlylar;

Dwigateliniň iş göwrümi 2 müň kub santimetrden ýokary bolan doly litražlylar

Dwigateliniň 1 kub l santimetri üçin 0,25 amerikan dollar

Dwigateliniň 1 kub santimetri üçin 0,35 amarikan dollary

27. Türkmenistana getirilýän spirti boýunça goşmaça töleg hasaplanylan mahaly şu aýratynlyklar nazara alynýar:

a) berilýän çig mal hökmünde şertnamalara laýyklykda ýa-da ol baradaky eýeçilik hukugynyň öndürijä geçmegini göz öňünde tutmaýan beýleki şertnamalara laýyklykda daşary ýurtdan getirilýän spirt üçin goşmaça tölegi ähli salgyt töleýjiler, şol sanda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň ýa-da Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň kärhanalary spirt Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen mahaly tölenýärler;

b) Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň kärhanalary spirti Türkmenistanyň çäklerine getireninden tölegiň geçirilmänligi ýa-da başga bir sebäp boýunça şertnama bozulan halatynda gümrükde resmileşdirilen mahaly goşmaça töleg tölenilmedik spirtiň iberijä (ýa-da onuň tabşyrygy boýunça başga bir adama) gaýtarylmagy (berilmegi) diňe getirilýän spirt üçin şu Düzgünnamanyň 26-bölüminde bellenilen möçberlerde goşmaça tölegler tölenilen şertde mümkindir. Bellenilen tertip bozulan mahaly salgyt edaralary goşmaça tölegler tölemegi Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň spirti getiren kärhanalaryň üstüne ýükläp biler;

ç) Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeler ministrliginiň kärhanalary Türkmenistana getirilen mahaly goşmaça töleg tölenilmedik öň getirilen spirti şol ministrlikleriň we pudaklaryň dolandyryş edaralarynyň düzümine girmeýän kärhanalara ýa-da beýleki edara görnüşindäki taraplara we şahsy adamlara ýerlän halatlarynda goşmaça töleg getirilýän spirt üçin bellenilen möçberlerde tölenilýär, bu düzgün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň spirti medisina maksatlary üçin satyn alýan kärhanalaryna we guramalaryna degişli däldir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministliginiň kärhanalary we guramalary spirti bellenilenden başga maksat üçin ullanan halatda olar goşmaça tölegi bellenilen tertipde töleýärler.

28. Salgyt salynýan amallar geçirilen mahaly goşmaça tölelgler üçin salgyt döwri kalendar aýyna deň bellenilýär.

29. Goşmaça salgyt salynýan:

a) halkara ynsanperwerçilik, maliýe we tehniki kömegiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde getirilýän harytlar, alkogolly we temmäki önümleri muňa girmeýär;

b) şahsy adamlaryň özleriniň sarp etmegi üçin - 2 litr alkogolly içgi, 10 gap çilim, umumy agramy 20 gramdan geçmeýän, gymmat bahaly metaldan ýasalan zergärçilik önümi;

ç) Türkmenistanyň çäklerine 6 aýa çenli möhlet bilen wagtlaýyn getirilýän, şahsy adamlara hem-de edara görnüşindäki taraplara degişli bolan we daşary ýurt döwletinde döwlet hasaba alşynda durýan ýeňil awtomobiller;

d) diplomatiki wekilçilikleriň resmi taýdan peýdalanmagy üçin niýetlenilen harytlar goşmaça tölegi tölemekden boşadylýar.

30. Goşmaça töleg alynýan harytlar Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen üstünden geçirmegiň, gümrük ammarynyň, paçsyz söwda magazininiň, erkin gümrük zolagynyň, erkin ammaryň, ýok etmegiň gümrük düzgünine laýyklykda geçirilen mahaly goşmaça töleg tölenilmeýär.

Salgyt töleýji seçilip alnan gümrük düzgüniniň şertlerini berjaý etmedik mahaly ondan harytlary erkin dolanyşyk üçin çykarmagyň gümrük düzgünine laýyklykda goşmaça töleg, şeýle hem goşmaça töleg alynýan harydyň getirilýän gününden goşmaça töleg tölenilýän gün aralykdaky döwür üçin hasaplanylýan puşmana puly tutulyp alynýar.

31. Eýeçilik hukugy esasynda daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara degişli bolan berilýän çig maldan (çig nebitden) Türkmenistanda ýerleşen edara görnüşindäki taraplar tarapyndan öndürilýän benzin hem-de dizel ýangyjy görnüşindäki taýýar önüm soňra şol daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplar tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alnyp gidilen şertde olar goşmaça tölegi tölemekden boşadylýar.

32. Getirilýän ýörite enjamlaşdyrylan ýeňil awtomobiller (gymmatlyklary daşamak üçin ýörite «inkassator» awtomobilleri, tiz medisina kömeginiň ýöriteleşdirilen awtomobilleri we ýasan zawod tarapyndan ýörite enjamlaşdyrylan beýleki awtomobiller) goşmaça tölegi tölemekden boşadylýar.

33. Goşmaça tölegleriň möçberini:

salgyt töleýjiler - her bir salgyt salynýan amallar geçirilen mahaly özbaşdak;

gümrük edaralary - harytlar Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen mahaly hasaplaýar.

34. Salgyt salynýan amallar boýunça goşmaça tölegiň möçberi goşmaça töleg alynýan harytlaryň her bir görnüşi boýunça salgyt döwri üçin salgyt binýadyny goşmaça tölegiň degişli möçberine köpeltmek arkaly hasaplanylýar.

Goşmaça töleg alynýan harytlaryň her bir görnüşi boýunça hasabat döwri üçin salgyt binýady salgyt döwründäki salgyt salynýan her bir amal boýunça salgyt binýatlarynyň jemi hökmünde kesgitlenilýär.

35. Salgyt salynýan amallar boýunça goşmaça tölegleriň möçberi şu Düzgünnamanyň 23-bölümine laýyklykda salgyt binýadyna düzediş girizilen mahaly gaýtadan hasaplamaga degişlidir.

36. Salgyt salynýan amallar geçirilen mahaly goşmaça salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli möçberi degişli salgyt döwründäki salgyt salynýan ähli amallar boýunça goşmaça tölegiň jemi hökmünde hasaplanylýar.

Salgyt salynýan amaly degişli salgyt döwrüne degişli etmek onuň geçirilen pursatyna baglylykaa, şu Düzgünnamanyň 40-bölümine laýyklykda amala aşyrylýar.

37. Harytlar Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen mahaly goşmaça tölegiň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli möçberini gümrük edaralary belleýär.

38. Eger hasaplanylan goşmaça tölegiň haýsydyr bir salgyt döwründe hasaplaşyga kabul edilýän möçberi şol salgyt döwründäki ähli salgyt salynýan amallar boýunça goşmaça tölegiň jeminden geçýän bolsa, şol artýan möçber salgyt töleýjiniň goşmaça tölegler, beýleki salgyt borçnamalary boýunça gündelik ýa-da geljekki tölegleriň hasabyna kabul etmäge ýa-da bellenilen tertibe laýyklykda gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

39. «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan edari görnüşindäki taraplar Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen, goşmaça töleg alynýan harytlary, enjamlary, tehnikany, maddy gymmatlyklary nebit işlerini amala aşyrmakdan başga maksatlar üçin peýdalanýan halatlarda goşmaça töleg bellenilen tertipde tölenilýär.

40. Goşmaça tölegleri hasaplamak maksady bilen, salgyt salynýan amal ýüklenilen ýa-da eltilen (ýerlenilen) goşmaça töleg alynýan harytlar üçin töleg alnan salgyt döwründe, ýöne harytlar ýüklenilen seneden başlap 60 günden giç bolmadyk döwürde amala aşyrylan diýlip hasaplanylýar.

41. Goşmaça töleg alynýan alkogolly önümleri öndürýän salgyt töleýjiler şol önümleri diňe ýüklenilýän önümleriň turuş möçberi üçin deslapdan tölenilenden soň (serişdeler salgyt töleýjiniň hasaplaşyk hasabyna geçirilen mahaly) goýberip bilerler.

42. Çig mal (serişdeler) görnüşinde, şeýle hem buýrujynyň berýän (bermek esasynda) satyn alynýan goşmaça töleg alynýan harytlar beýleki goşmaça töleg alynýan harytlary öndürmek üçin peýdalanylan mahaly haryt öndürijiniň goşmaça tölegiň çig mal (serişdeler) görnüşindäki harytlar üçin tölenilen möçberiniň goşmaça töleg alynýan harytlary öndürmek üçin düşýän paýyna barabar möçberde hasaba alynmagyna hukugy bardyr. Şunda çig mal (serişdeler) görnüşinde harytlar üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşarda tölenilen goşmaça tölegiň möçberi hasaplaşmaga kabul edilmeýär.

Goşmaça töleg alynýan önümi öndüriji peýdalanylýan berilýän çig mal Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen mahaly tölenilen goşmaça tölegiň önümiň - çig maly iberijiniň paýyna düşýän bölegini diňe gümrük edarasynyň taýýar önümiň sol böleginiň Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alnyp gidilendigi hakynda tassyknamasy bar mahaly öz hasabyna geçýär. Gümrük edarasy goşmaça töleg alynmaga degişli şeýle çig mal getirilende goşmaça tölegiň tölenilmegini tassyklan mahaly we ol salgat taýdan hasaba alnanda, degişli ygtyýarnama alnanda we taýýar önümiň çig maly iberijä degişli paýyny Türkmenistanyň çäklerinden satmakdan ähli salgytlar tölenilen şertde goşmaça tölegiň şol möçberi çig maly iberijiniň goşmaça tölegler boýunça gündelik we geljekki tölegleriniň we beýleki salgyt borçnamalarynyň hasabyna kabul etmäge degişli bolup biler.

43. Çig mal (serişdeler) görnüşinde satyn alynýan, goşmaça töleg alynýan harytlar goşmaça töleg alynmaýan harytlary öndürmek ýa-da beýleki maksatlar üçin peýdalanylan mahaly şolar boýunça goşmaça tölegiň möçberi degişlilikde şeýle çig malyň (serişdeleriň) bahasy bilen bilelikde önümçiligiň hem-de dolanyşygyň çykdajylaryna ýa-da salgytlar tölenilenden soň salgyt töleýjiniň ygtyýarynda galýan peýdanyň hasabyna, ýa bolmasa degişli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna degişli edilýär.

44. Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen goşmaça töleg alynýan harytlary gaýtadan eksport etmegiň gümrük düzgüninde geçirýän adamlara goşmaça tölegi gaýtaryp bermek şeýle harytlaryň Türkmenistanyň çäklerinde bolmagynyň möhleti getirilen günden başlap 6 aýdan geçmeýän bolsa, gaýtadan eksport etmegiň hakykatdaky möçberine laýyklykda geçirilýär.

45. Wagtlaýyn getirilen, goşmaça töleg alynýan harytlar Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alnyp gidilen mahaly olaryň Türkmenistanyň çäklerinde wagtlaýyn bolan möhleti getirilen günden başlap 6 aýdan geçmeýän şertde goşmaça tölegiň öň tölenilen möçberi gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

46. Goşmaça töleg alynýan harytlar bilen salgyt salynýan amallary amala aşyrýan edara görnüşindäki tarap harytlary alyja hasaplaşyk hatyny ýazyp bermäge borçludyr, onuň nusgasyny Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy belleýär. Hasaplaşyk haty iki nusgada ýazylýar, olaryň birinji nusgasy harytlary alyja berilýär, ikinjisi - ony ýazyp beren edara görnüşindäki tarapda galýar.

Hasaplaşyk haty harydyň ýüklenen senesinden gijä galynman berilýär.

47. Harytlar eksport edilen mahaly hasaplaşyk hatynda onuň eksporta degişlidigi barada, şeýle hem eksportyň niýetlenen ýeri hakynda ýazgy bolmalydyr.

48. Goşmaça töleg Türkmenistanyň milli pulunda - manatlarda tölenilýär.

49. Goşmaça töleg alynýan harytlar ýerlenilen mahaly goşmaça töleg salgydy töleýjiler tarapyndan goşmaça töleg alynýan harytlaryň her aýda hakykatda ýerlenilmeginden ugur alnyp we soňraky aýyň 25-nden gijä galman tölenilýär. Goşmaça töleg şu Düzgünnamanyň 39-bölümde bellenilen halatlarda hem şol möhletde tölenilýär.

50. Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän goşmaça töleg alynýan harytlar boýunça goşmaça töleg olar gümrük taýdan resmileşdirliýänçä ýa-da resmileşdirilýän günde tölenilýär.

51. Ýüklenilen goşmaça töleg alynýan alkogolly önümler üçin deslapky töleg görnüşinde salgyt töleýjiniň hasaplaşyk hasabyna gelip gowuşýan serişdeleri bank edaralary ilkinji nobatda goşmaça tölegler boýunça bergiler (geçýän bergileri hasaba almak bilen) hem-de ulanylan maliýe jerimeleriniň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli möçberlerini üzmek üçin gönükdirýär.

52. Salgyt töleýji salgyt döwri üçin goşmaça töleg boýunça hasaplaşmany salgyt salynýan amallary görkezmek bilen hasabat aýyndan soňky aýyň 20-i gününden gijä galman salgyt edarasyna bermäge borçludyr.

53. Gümrük gözegçiliginden sowlup, gümrük gözegçiliginden gizlenip ýa-da resmi kagyzlary aldaw ýoly bilen peýdalanyp Türkmenistana getirilýän goşmaça töleg alynýan harytlar jenaýatyň düzümi (kontrabanda) bolmadyk mahaly elden alynmaga, olaryň bahasy bolsa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejisine geçirmäge degişlidir.

Gümrük gözegçiligi astynda bolan, getirilen goşmaça töleg alynýan harytlaryň ýerlenilmegi üçin şeýle harytlar gümrük gözegçiligi astynda saklamak üçin özüne berlen adamdan ýerlenilen goşmaça töleg alynýan harytlaryň bahasynyň 50 prosentine barabar möçberde jerime tutulyp alynýar we jerimäniň möçberi Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

Türkmenistanyň çäklerinde ýerlenilýän, goşmaça töleg alynýan, gümrük edaralaryna beýan edilmedik getirilýän harytlar bahasyny Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejisine geçirmek bilen elden almaga degişlidir.

54. Goşmaça töleg alynýan alkogolly önümleri goýbermegiň şu Düzgünnamanyň 41-bölümi arkaly bellenilen tertibi bozulan mahaly salgyt töleýjä deslapky töleg alynmazdan ýüklenilen önümiň bahasynyň 10 prosenti möçberde jerime görnüşinde maliýe çäresi ulanylýar.