Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 28.06.2000

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

28.06.2000 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.06.2000 ý. çykaran № PP-3135 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.05.2001 ý. çykaran № PP-3405 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 6, 305-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-ýylyň 12-awgustynda çykaran № 2936 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizip, ony şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümi

Saparmyrat Türkmenbaşy - Türkmenistanyň Prezidenti (Ýokary geňeşiň başlygy)

Ý.A.Gurbanmyradow - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Daşary ýurt maýa goýumlary baradaky döwlet agentliginiň direktory (Ýokary geňeşiň başlygynyň orunbasary)

A.Ataýew - Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,Türkmenistanyň Energetika we senagat ministri

S.Gandymow - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygy

H. Halykow - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary

R. Arazow - Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri

O.B.Atageldiýew - Döwlet ministri - «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy

H.Babaýew - Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji

B.A.Gurbanmyradow - «Türkmendeňizýollary» uprawleniýesiniň başlygy

B.B.Baýramow - Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy

S. Waliýew - Döwlet ministri - «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy

H.A.Durdyýew - Balkan welaýatynyň häkimi

P.G.Gurbanow - Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri

W.A.Durdyýew - Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy

Ý.A.Kepbanow - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary

M.Rajapow - Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri

A. Baýramow - Türkmenistanyň Geodeziýa, kartografiýa we kadastr baradaky döwlet komitetiniň başlygy

M.Ç.Halöwezow - Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji».

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2000-nji ýylyň 28-nji iýuny.

№ PP-3135.