8-nji maý gününi 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň Ýatlama güni we 9-njy maý gününi türkmen halkynyň Milli baýramy - Ýeňiş güni diýip yglan etmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.05.2000 ý. çykaran № PP-3105 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip hasap edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
8-nji maý gününi 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň Ýatlama güni we 9-njy maý gününi türkmen halkynyň Milli baýramy - Ýeňiş güni diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000 ý., № 5, 247-nji madda)
1. Ata Watanyň abadançylygy, halkymyzyň asuda durmuşy, bagty ugrunda mert söweşip, şirin janyny gurban eden gerçekleriň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, olaryň mukaddes ruhunyň hatyrasyna her ýylyň 8-nji maý gününi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň Ýatlama güni diýip yglan etmeli.
2. Her ýylyň 9-njy maý gününi türkmen halkynyň Milli baýramy - Ýeňiş güni diýip yglan etmeli.
3. Her ýylyň 8-9-njy maý günlerini iş günleri däl diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2000-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ PP-3105.