Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 04.05.2000

Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda

04.05.2000 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.05.2000 ý. çykaran № PP-3103 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2020 ý. çykaran № PP-720 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda pasport ulgamyny kämilleşdirmek baradaky

çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 246-madda)

Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini kämilleşdirmek, Türkmenistanyň raýatlary şahsyýeti tassyklaýan resmi kagyzlar bilen üpjün edilen mahaly ýerli hakimiýet edaralarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem hukuk tertibini we kanunylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň raýatlaryna pasporty etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň kararlary esasynda pasport ulgamy hakyndaky ulanylýan kanunlara laýyklykda resmileşdirilýär we Türkmenistanyň raýatlaryna berilýär.

2. Türkmenistanyň raýatynyň pasportlaryny resmileşdirmek we Türkmenistanyň raýatlaryna bermek;

Türkmenistanyň çäklerinde ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak baradaky wezipeleri we ygtyýarlyklary içeri işler edaralarynyň garamagyndan etraplaryň we şäherleriň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň garamagyna bermeli.

3. Etraplaryň we şäherleriň häkimleri:

pasportlary resmileşdirmek we bermek hem-de ilaty hasaba almak baradaky bölümleri döretmeli. Şu görkezilen bölümleriň işine içeri işler edaralarynyň we ýustisiýa edaralarynyň wekilleri hemişelik esasda gatnaşýarlar diýip bellemeli;

Türkmenistanyň raýatynyň pasportlaryny resmileşdirmegiň we bermek boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna ýedi gün möhletde garamagy üpjün etmeli;

Türkmenistanyň raýatynyň pasportlaryny Türkmenistanyň Döwlet gimnini ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň döwlet nyşanlary arkaly hormatlamak bilen dabaraly ýagdaýda gowşurmaly;

pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň meselelerine garalan mahaly kanunylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmeli.

4. Türkmenistanyň raýatynyň pasportlarynyň blankalaryny, ähli zerur hasaba alyş resmi kagyzlaryny taýýarlamagy we etraplaryň hem-de şäherleriň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryny şolar bilen üpjün etmegi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň üstüne ýüklemeli.

5. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri bir hepde möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 4-nji maýy

№ PP-3103