Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 18.11.2003

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Goňşokara we Hasyl baýramçylyklaryny bellemek hakynda

18.11.2003 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Goňşokara we Hasyl baýramçylyklaryny bellemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.11.2003 ý. çykaran № PP-3975 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.01.2008 ý. çykaran № PP-4992 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Goňşokara we Hasyl baýramçylyklaryny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 11, 454-njy madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň miweleri bolan Goňşokara we Hasyl baýramçylyklary milli baýramymyz hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan bu ajaýyp däpleriň ikisi hem adamlary ruhy taýdan has ýakynlaşdyrýar, birek-birege bolan mähribanlygy, bereketli ene topragymyza, ata Watanymyz söýgümizi artdyrýar, agzybirligimizi, jebisligimizi berkidýär.

Mähriban türkmen halkymyzyň ykbalynda Goňşokara we Hasyl baýramçylyklarynyň deň derejedäki ähmiýetini göz öňünde tutup we olary has giň derejede belläp geçmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we welaýat häkimlikleriniň haýyşnamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

1. Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň Sanjar aýynyň soňky Dynç gününde Goňşokara we Hasyl baýramçylyklaryny belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 7-sinde çykaran «Goňşokara baýramçylygyny bellemek hakyndaky» Permanynyň güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri.

2003-nji ýylyň 18-nji noýabry.

№ PP-3975.