Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 16.06.2003

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda

16.06.2003 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.06.2003 ý. çykaran № PP-3878 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.08.2019 ý. çykaran № PP-558 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz,

energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 6, 232-nji madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiz we onuň mähriban halky özüniň beýik Garaşsyzlygynyň on ikinji ýyllyk baýramçylygyna batly gadamlar bilen barýar. Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen halkymyz iňňän gysga döwrüň içinde milli, ruhy we medeni galkynyşa eýe bolup, eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda ykdysady ösüş, we milli girdeji boýunça uly üstünlikler gazandy.

Bu gün baky bitarap Türkmenistan döwletimiz nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde iň öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Nebit, gaz, energetika biziň milli baýlygymyzdyr. Biziň halkymyz Allatagalanyň şu eçilen genji-hazynasynyň hakyky eýesi bolup, 1993-nji ýyldan bäri gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanyp gelýär. Häzirki döwürde her maşgala, her oba, her şäher milli baýlygymyzyň hözirini görýär. Bu dünýä tejribesinde görlüp-eşidilmedik wakadyr. Agzybir türkmen halkymyzyň muňa doly buýsanmaga haky bardyr. Ýurdumyzyň mähriban halkynyň ýangyç we nebit önümleri bilen örän ujypsyz, elýeterli bahadan üpjün edilmegi diňe halkymyzyň hal ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokary götermän, eziz diýarymyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklarynyň röwşen ösmegine uly mümkinçilik döredýär.

Nebitgaz, energetika senagatynyň baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ählihalk milli baýlygydygyny nazara alyp, altyn asyrymyzda halkymyzy şol genji-hazynanyň doly eýesi etmek hakyndaky döwletimiziň aladalaryny berkitmek hem-de edermen nebitçilerimiziň, gazçylarymyzyň, energetiklerimiziň we geologlarymyzyň agzybir türkmen halkymyz bilen bilelikde çekýän halal we tutanýerli zähmetleriniň şanyna, karar edýärin:

1. Her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji hepdesiniň Ruhgününi Ählihalk milli baýram - Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý güni diýip yglan etmeli.

2. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, pudaklaryň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý güni mynasybetli Umumymilli türkmen baýramyny geçirmegi üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 16-njy iýuny

№ PP-3878