Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 29.03.2005

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

29.03.2005 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2005 ý. çykaran № PP-4243 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 13.10.2017 ý. çykaran № PP-206 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 3, 100-nji madda)

1. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy öz işini ýerli edaralarynyň - welaýatlaryň, etraplaryň, şäherlerdäki etraplaryň we şäherleriň salgyt gulluklarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

3. Şulary güyjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

"Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugyny döretmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran № 250 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1992-nji ýyl, № 1, 4-nji madda) 3-nji bölümini;

"Salgyt salmagy we maliýe çärelerini ulanmagy tertipleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 23-nji noýabrynda çykaran № 3506 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001-nji ýyl, № 11, 519-njy madda) 6-njy we 7-nji bölümlerini.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 29-njy marty

№ PP-4243

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2005-nji ýylyň 29-njy martynda

çykaran № PP-4243 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakynda

DÜZGÜNNAMA

I. Umumy düzgünler

1. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwletiň salgyt syýasatyny durmuşa geçirýän, salgyt salmak işini düzgünleşdirýän we dolandyrýan edarasydyr.

2. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy we onuň ýerli edaralary-welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, şäherlerdäki etraplaryň, şäherleriň döwlet salgyt gulluklary (mundan beýlak Gullugyň ýerli edaralary diýlip atlandyrylýar) Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralarynyň bir bitewi ulgamyny emele getirýär.

3. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy we onuň ýerli edaralary öz işini döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we ýerli öz-özüni dolandyryşyň beýleki edaralary bilen özara arkalaşykly amala asyrýar.

4.Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, "Salgytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanunyny, kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň Içerki tertipnamasy bar, ol Gullugyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.

5. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr.

II. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri

6. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň wezipeleri şulardan ybarat:

salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) doly hem-de wagtynda hasabyny ýöretmegi üpjün etmekden, Döwlet salgyt sanawyny ýöretmekden;

salgyt salynmaga degişlileriň salgyt babatda hasabynyň ýöredilmeginiň tertibini bellemekden;

salgytlaryň hem-de Türkmenistanyň Dowlet býujetine we döwlet gaznalaryna beýleki hökmany tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry hasaplanylmagyny, doly hem-de wagtynda tölenilmegini guramakdan we bu işe gözegçilik etmekden;

salgyt barlaglarynyň geçirilmegini guramakdan;

gowşan salgytlaryň we Türkmenistanyü Döwlet býujetine beýleki hökmany tölegleriň hasabynyň ýöredilmegini guramakdan we üpjün etmekden;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegi boýunça maglumatlary toplamakdan we seljermekden, ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan;

Gullugyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça usulyýet görkezmelerini we gollanmalaryny neşir etmekden, salgytlary hasaplamak we tölemek hem-de Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki talaplaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly salgyt beýannamalarynyň, hasabatlarynyň we beýleki resmi namalaryň nusgalaryny bellemekden;

salgytlar, maliýe jerimeleri we puşmana pullary boýunça töletdirilmegi barada umyt ýok diýlip ykrar edilen bergileri bellenilen tertipde hasapdan öçürmekden;

salgyt gullugynyň edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň arzalaryna we ýüztutmalaryna bellenilen tertipde garamakdan;

Gullugyň ýerli edaralarynyň işini barlamakdan, kemçilikleri we tertip bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmekden;

Gullugyň ýerli edaralarynyň çözgütleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmedik halatda şol çözgütleri ýatyrmakdan ýa-da olaryň hereketini wagtlaýyn duruzmakdan;

degişli ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmakdan;

salgyt salmagyň meseleleri boýunça döwletara şertnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmakdan;

beýleki döwletleriň salgyt edaralary bilen arkalaşykly hereket etmekden;

Gullugyň ýerli edaralarynyň işini kompýuterleşdirmegi guramakdan;

salgyt gullugynyň edaralarynda iş ýöredijiligiň tertibini bellemekden;

Gullugyň ýerli edaralaryny bellenilen tertipde döretmekden, üiýtgedip guramakdan we ýapmakdan;

şahsy adamlary hususy telekeçiler hökmünde döwlet tarapyndan hasaba almagy guramakdan;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrmakdan.

7. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy özüniň welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky ýerli edaralarynyň işini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär.

8.Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň ýerli edaralary öz üstlerine ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu işleri ýerine ýetirýär:

bellenilen salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmegini üpjün etmek boýunça işi, şeýle hem gowşan salgytlaryň we tölegleriň hasabyny ýöretmegi amala asyrýar;

salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) hasabyny ýöretmegi bellenilen tertipde alyp barýar;

salgytlary, puşmana pullaryny we maliýe jerimelerini, bellenilen halatlarda bolsa olary döwlet gaznalaryna hem tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek çärelerini göryär;

salgyt barlaglaryny geçirýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine, salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine we döwlet gaznalaryna, raýatlaryň meýletin döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryň, raýatlaryň pension ätiýaçlandyrma gatançlarynyň dogry hasaplanylmagyna, doly hem-de wagtynda tölenilmegine gözegçilik edýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt salynmaga degişlileriň buhgalteriýa hasaba alnyşyny ýöretmeginiň we salgyt taýdan hasabyny ýöretmegi alyp barşynyň dogrulygyna gözegçilik edýär;

Salgyt kanunçylygyny, şeýle hem oňa laýyklykda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmagy düşündirmek boýunça iş geçirýär, salgyt töleýjilere (salgyt ýumuşçylaryna) alynýan salgytlar hakynda habar berýar, salgyt töleýjilere (salgyt ýumuşçylaryna) bellenilen hasabatlylygyň nusgalary hakynda maglumat berýär, hasabatlylyk nusgalaryny doldurmagyň tertibini, salgytlary hasaplamagyň we tölemegiň tertibini düşündirýär, beýleki zerur maglumatlary salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) dykgatyna ýetirýär;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) salgyt habarnamasyny berýär;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy bozulan halatda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen maliýe jerimelerini ulanýar;

edara ediş hukuk bozulmalary hakyndaky işlere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda garaýar we olar boýunça çözgütleri kabul edýär;

salgytlaryň, şeýle hem puşmana pullarynyň, maliýe jerimeleriniň we Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki hökmany tölegleriň artykmaç hasaplanylan ýa-da artykmaç töletdirilen möçberleriniň bellenilen tertipde yzyna gaýtarylmagyny ýa-da hasaba alynmagyny, bellenilen halatlarda bolsa hasapdan öçürilmegini üpjün edýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek, salgyt görnüşinde gowuşýan serişdeler barada meýilnamalary düzmek hem-de öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleler boýunça teklipleri taýýarlaýar;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny ulanmagyň tejribesini umumylaşdyrýar, hasabat we döwlet hasabatynyň maglumatlaryny, salgyt barlaglarynyň netijelerini seljerýär;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik boýunça çäreleriň hukuk goraýjy we beýleki gözegçilik edaralary bilen bilelikde geçirilmegini utgaşdyrýar;

ilata alkogolly önümiň satylyşyna gözegçiiik çärelerini hukuk goraýjy we beýleki gözegçilik edaralary biien bilelikde geçirýär;

girdejilere we emläge iki gezek salgyt salynmagynyň öňüni almak hakyndaky döwletara ylalaşyklarynyň talaplarynyň, şeýle hem keseleýin salgytlar baradaky talaplaryň ýerine ýetirilmegini amala asyrýar;

degişli ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

gözegçilik-kassa abzallaryny hasaba almagy hem-de olaryň ulanylyşyna gözegçiligi bellenilen tertipde amala aşyrýar;

işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmak babatda kanunçylygyň berjaý edilişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik edýär;

Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalary hakynda maglumatlary degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralaryna berýär;

nyrhlar baradaky döwlet düzgün-nyzamynyň bozulmagy, işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmak babatdaky bozulmalar üçin jerimeleriň, şeýle hem töletdirilmegine gözegçilik etmek salgyt gullugynyň edaralarynyň üstüne ýüklenilen jerime çäreleriniň beýleki görnüşleriniň tölenilişine gözegçilik edýär;

bahasy tölenilmän elden alnan, eýesiz hökmünde hem-de miras hukugy boýunça döwletiň haýryna geçirilen emlägiň, şeýle hem mirasdüşerleri ýok hökmünde gazna geçen emlägiň hem-de hazynalaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hasabyny ýöredýär, olara nyrh kesýär, olary saklaýar hem-de ýerleýär;

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüde tutulan halatlarda we tertipde kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar barada kazyýetlere hak isleglerini bildirýär;

işde kompýuterleri ulanmak boýunça çäreleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki işleri ýerine ýetirýär.

III. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we

gullukçylarynyň hukuklary

9. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň şulara hukugy bar:

salgytlary hasaplamak we tölemek üçin esas bolup hyzmat edýän resmi namalary we bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalar boýunça beýleki maglumatlary, şeýle hem salgytlaryň, maliýe jerimeleriniň we puşman pullarynyň dogry hasaplanylandygyny hem-de wagtynda tölenilendigini tassyklaýan düşündirişleri we resmi namalary salgyt töleýjiden (salgyt ýumuşçysyndan) we beýleki şahsy adamlardan hem-de edara görnüşindäki taraplardan, şol sanda bank edaralaryndan talap etmäge we almaga;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy bilen bellenilen tertipde salgyt barlaglaryny amala aşyrmaga;

resmi namalary barlamak çärelerine beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde gatnaşmaga;

Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny aradan aýyrmak hakynda barlanylýan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbasçylary hem-de beýleki wezipeli adamlary, şeýle hem raýatlar üçin hökmany bolan görkezmeleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bermäge hem-de olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge;

resmi namalar babatda salgyt barlagy geçirilen mahaly edara görnüşindäki taraplaryň we şahsy adamlaryň telekeçilik işini we peýdany (girdejini) almaga gönükdirilen beýleki işi amala aşyrmak üçin ulanylýan önümçilik, ammar, söwda we beýleki jaýlaryny, şeýle hem sonuň ýaly iş bilen baglanyşykly emlägi "Salgytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda gözden geçirmäge;

elektron gözegçilik-pulhana abzallaryny ulanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

salgytlar babatdaky hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça teswirnamalary düzmäge;

salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) salgydy hasaplamak we tölemek hakyndaky resmi namalary (maglumatlary) bermedik mahaly salgydyň tölenilmäge degişli möçberini bar bolan maglumatlar esasynda özbaşdak kesgitlemäge we bellemäge;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy hakynda şaýatlyk edýän resmi namalary salgyt toleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) elinden almaga;

salgyt töleýjileri (salgyt ýumuşçylaryny), şeýle hem özlerinde salgyt töleýjilere (salgyt ýumuşçylaryna) degişli resmi namalar we (ýa-da) maglumatlar bolan beýleki adamlary salgyt gullugy edaralaryna çagyrmaga;

salgyt gullugy edaralarynyň ygtyýarlyklaryna girmeýän, ýöne salgyt salmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijenamalary almak üçin öz işine hünärmenleri we bilermenleri çekmäge;

salgyt gullugy edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur maglumatlaryň berilmegini döwlet edaralaryndan bellenilen tertipde soramaga;

"Sagytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen bellenilen beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hukuklary degişli salgyt gullugy edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýan wezipe gollanmalarynda kesgitlenilýar.

IV. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we

gullukçylarynyň borçlary

10. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň borçlary şulardan ybaratdyr:

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, "Salgytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna pugta laýyklykda hereket etmekden;

salgyt syryny hem-de salgyt töleýjiler (salgyt ýumuşçylar) hakyndaky maglumatlary saklamagyň kadalaryny berjaý etmekden;

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik etmekden, ýüze çykarylan bozulmalary aradan aýyrmagy salgyt töleýjilerden (salgyt ýumuşçylaryndan) talap etmekden hem-de şol talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden;

ulanylýan salgytlar, olary tölemegiň tertibi we möhletleri, salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) hukuklary we borçlary hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň degişli namalary hakynda salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) ýuztutumalary boýunça olara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde habar bermekden;

salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) we salgyt babatdaky hukuk gatnaşyklaryna beýleki gatnaşyjylaryň abraýyna we mertebesine sarpa goýmakdan.

Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlary we gullukçylary şu bölümde görkezilen borçlardan başga-da "Salgytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanuny, "Döwlet edaralarynyň apparatynda gulluk etmek hakyndaky" Türkmenistanyň Kanuny, "Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylaryny we döwlet gullugyna wezipeli adamlary seçip almak hakyndaky" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen bellenilen borçlary ýerine ýetirýär.

Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň borçlary degişli salgyt gullugy edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýan wezipe gollanmalarynda bellenilýär.

V. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň

we gullukçylarynyň işindäki çäklendirmeler

11. Salgyt gullugy edarasyň wezipeli adamlarynyň we gullukçysynyň işinde "Döwlet edaralarynyň apparatynda gulluk etmek hakyndaky" Türkmenistanyň Kanuny, "Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylaryny we döwlet gullugyna wezipeli adamlary seçip almak hakyndaky" Türkmenistanyň Kanuny bilen bellenilen çäklendirmeler hereket edýär.

12.Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna şu halatlarda salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) boýunça öz gulluk borçlaryny amala aşyrmak gadagan edilýär:

eger salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) - şahsy adam ýa-da edara görnüşindäki tarapyň ýolbaşçysy ýa bolmasa baş hasapçysy salgyt gullugy edarasynyň wezipeli adamynyň ýa-da gullukçysynyň ýakyn garyndaşy bolsa;

özleri ýa-da özleriniň ýakyn garyndaşlary şol salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) maliýe taýdan ýa-da gytaklaýyn bagly bolsa.

13. Salgyt gullugy edaralaryndaky işi beýleki guramalardaky, edaralardaky we kärhanalardaky iş bilen, şeýle hem telekeçilik işi bilen utgaşdyrmaga ýol berilmeýär, ylmy we mugallymçylyk işi muňa girmeýär.

VI. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň

we gullukçylarynyň hukuk taýdan goralmagy

14. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlary we gullukçylary döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolup durýar hem-de döwletiň goragyndadyr. Olaryň kanuny talaplary salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) we olaryň kanuny wekilleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmandyr.

15. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň öz gullyk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermek, öz gulluk işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly olaryň abraýyna ýa-da mertebesine şek ýetirmek, olara haýbat atmak, garşylyk görkezmek, olar barada zorluk ulanmak ýa-da olaryň janyna, saglygyna we emlägine hyýanatçylyk etmek, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen jogapkärçilige eltýär.

VII. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň isiniň guralyşy

16. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden bosadylýan başlyk baştutanlyk edýär.

Başlyk Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna ýolbaşçylygy bir başlyklyk esasynda amala aşyrýar, Gullugyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

Başlygyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan orunbasarlary bar.

17. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy:

öz orunbasarlarynyň arasynda borçlary paýlaýar;

Gullugyň ýerli edaralarynyň düzümini hem-de wezipe sanawyny bellenilen tertipde tassyklaýar;

Gullugyň merkezi edarasynyň düzüm birlikleri hakyndaky Düzgünnamalary tassyklaýar;

Gullugyň merkezi edarasynyň işgärlerini, onuň ýerli edaralarynyň başlyklaryny (olaryň orunbasarlaryny), şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň salgyt gulluklarynyň bölümleriniň başlyklaryny bellenilen tertipde wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

Gullugyň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, şeýle hem Gullugyň üstüne ýüklenilen wezipeleri hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça onuň işi hakyndaky maglumatlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde berýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Gullugyň merkezi edarasynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan buýruklary çykarýar, görkezmeleri berýär;

Gullugyň merkezi edarasynyň işgärleri tarapyndan geçirilýän barlaglaryň netijeleri boýunça salgyt töleýjini (salgyt ýumuşçysyny) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny bozandygy üçin jogapkärçilige çekmek hakynda karar çykarýar;

Gullugyň ýerli edaralarynyň işgärleriniň zähmet haky goruny, şeýle hem olary saklamak boýunça çykdajy sanawyny býujetde degişli döwür üçin göz öňünde tutulan pul serişdeleriniň çäklerinde bellenilen tertipde tassyklaýar;

salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlaryny işde goýberen bozulmalary üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekýär;

býujete tölegleri gaýra goýmak ýa-da möhletler boýunça tölemek hakynda çözgütleri kabul edýär;

Gullugyň ýerli edaralarynyň çözgütleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän halatda olaryň güýjüni ýatyrýar ýa-da wagtlaýyn duruzýar;

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

18. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak hem-de beýleki döwlet ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen bilelikde pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar.

19. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy edara görnüşindäki tarap bolup durýar, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, bank edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda açylýan hasaplary bar.

20. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň merkezi edarasyny we onuň ýerli edaralaryny saklamak üçin çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

VIII. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň atlary

21. Salgyt gullugy edaralarynyň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna şu hünär atlary dakylyp bilner:

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň baş geňeşçisi;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli baş geňeşçisi;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň uly geňeşçisi;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli uly geňeşçisi;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň geňesçisi;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli geňeşçisi.

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň baş geňeşçisi we Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I derejeli baş geňeşçisi diýen atlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylýar.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň baş geneşçisi we Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I derejeli baş geňeşçisi diýen atlardan başga bellenilen ähli atlary dakmaga haklydyr.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň döwlet salgyt gulluklarynyň başlyklarynyň Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň II we III derejeli uly geňeşçisi, Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň geňeşçisi, Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli geňeşçisi diýen atlary dakmaga hukugy bardyr.

22. Hünär ady üçin aýlyk wezipe iş hakyna goşulýan her aýlyk goşmaça salgyt gullugy edarasynyň işgärine hünar ady dakylan günden başlap bellenilýär hem-de wezipe şu Düzgünnamanyň 23-nji bölümine laýyklykda haýsy hünär adyna laýyk gelýan bolsa, şol wezipe boýunça aýlyk wezipe iş hakynyň ýüzden 20 bölegine barabardyr.

23. Hünär atlary eýeleýan wezipesi boýunça hem-de şu Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda işlän wagty we hünär boýunça iş tejribesi, şeýle hem şol atda bolan möhleti nazara alnyp dakylýar.

Hünär adynyň Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugyndaky we onuň ýerli edaralaryndaky wezipä laýyk gelmegini Gullugyň başlygy belleýär.

Salgyt gullugy edaralarynyň gullukçylarynyň nobatdaky hünär ady hünär synagy esasynda dakylýar.

Salgyt gullugy edaralarynyň işgärlerini hünär adynda peseltmek Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň içerki tertipnamasyna laýyklykda düzgün-nyzam temmisi hökmünde amala aşyrylýar. Hünär adyndan mahrum etmek kazyýetiň ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

24. Hünär atlarynda bolmagyň şu möhletleri bellenilyär:

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň geneşçisi - azyndan bir ýyl;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli geňeşçisi -azyndan iki ýyl;

Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň uly geňeşçisi, Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugynyň I, II we III derejeli uly geňeşçisi - azyndan üç ýyl;

beýleki hünär atlarynda bolmagyň möhletleri bellenilmeýär.

25. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň Başlygynyň işde aýratyn tapawutlanandygy üçin höweslendirmek tertibinde salgyt gullugy edaralarynyň gullukçylaryna nobatdaky hünär atlaryny bellenilen möhlet gelip ýetmänkä, ýöne eýeleýän wezipesinde azyndan alty aý işläninden soň öz ygytýarlyklarynyň çäklerinde dakmaga hukugy bar.

26. Işden bikanun çykarmak bilen baglanyşykly arakesmeden soň işinde dikeldilen salgyt gullugy edaralarynyň gullukçylarynyň işiniň arasynyň kesilen wagty bar bolan hünär adynda bolmagyň möhleti hasaplanylýar.

27. Salgyt gullugy edaralarynyň gullukçylaryna hünär atlaryny dakmak hakyndaky çözgüt degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň Başlygynyň buýrugy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň döwlet salgyt gulluklarynyň başlyklarynyň buýruklary arkaly resmileşdirilýär. Gullukçynyň zähmet depderçesine we şahsy iş resmi namasyna degişli ýazgy ýazylýar.

IX. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakyny maliýeleşdirmek

28. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakyny maliýeleşdirmek şu möçberlerde amala aşyrylýar:

ýüzden 50 bölegi - býujet pul serişdeleriniň hasabyna;

ýüzden 50 bölegi - resmi namalar arkaly salgyt barlaglarynyň netijeleri boýunça goşmaça hasaplanylan hem-de töletdirilen jerimeleriň we puşmana pullarynyň möçberiniň ýüzden 50 böleginiň hasabyna.

Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakyndan, şol sanda onuň goşmaça hasaplanylan we töletdirilen jerimeleriň we puşmana pullarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän böleginden döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin serişdeleri geçirmek býujet pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

29. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýän pul serişdelerine şular goşulýar:

salgyt gullugy edaralary tarapyndan resmi namalar arkaly salgyt barlaglarynyň netijeleri boýunça "Salgytlar hakyndaky" Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda töletdirilýän maliýe jerimeleri we puşmana pullary;

resmi namalar arkaly salgyt barlaglarynyň netijeleri boýunça salgyt gullugy edaralary tarapyndan ýüze çykarylan hukuk bozulmalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin beýleki ygtyýarly edaralar ýa-da kazyýet tarapyndan töletdirilýän jerimeler we puşmana pullary;

resmi namalar arkaly salgyt barlaglary netijesinde ýüze çykarylan bozulmalar üçin töletdirilýän edara ediş jerimeleri.

Resmi namalar arkaly salgyt barlaglarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine (şol sanda döwlet gaznalaryna) tölemäge degişli bolan, wagtynda tölenilmändigi üçin ulanylýan kanunçylykda puşmana pullaryny töletdirmek göz öňünde tutulan beýleki hökmany tölegler boýunça hasaplanylan puşmana pullary hem hasaplanylýar.

30. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýän jerimeleriň we puşmana pullarynyň ulanylan möçberleri Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky girdeji hasabynyň ýörite hasabyna (mundan beýlak ýörite hasap diýlip atlandyrylýar) geçirilýär.

Resmi namalar arkaly salgyt barlaglarynyň netijeleri boýunça çözgütlerde we beýleki zerur resmi namalarda jerimeleriň we puşmana pullarynyň ýüzden 50 bölegini ýörite hasaba geçirmegiň zerurdygy, bankyň ady we hasabyň nomeri görkezilen bolmalydyr.

31. Ýörite hasaba gowuşýan serişdeler Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan bellenilen tertipde sarp edilýär.

Ýörite hasaba hakykatda gowşan serişdeleriň hasabat aýynda zähmet haky gorunyň ýüzden 50 böleginden geçýän möçberi:

soňraky aýlardaky iş hakyny;

beýleki çykdajylary (enjamlary we öwseleleri, awtomaşynlary satyn almak, abatlamak işlerini geçirmek we beýlekiler) býujetden maliýeleşdirmegiň sanawynda görkezilen serişdelerden artyk maliýeleşdirmäge ulanylyp bilner.

Aýry-aýry etraplar, şäherler boýunça iş hakyny tölemek üçin serişdeler ýetmezçilik eden mahaly Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy gowşan serişdeleri hakyky zerurlykdan ugur alyp, täzeden paýlap biler.

Jerimeleriň we puşmana pullarynyň iş hakyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýän möçberiniň ulanylmadyk bölegi soňraky ýyla geçýär.

32. Ýörite hasapda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerli edaralarynyň işgärleriniň iş hakynyň ýüzden 50 bölegini maliýeleşdirmek üçin zerur serişdeler ýetmezçilik eden mahaly Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bergini ýörite hasaba geljekde gowuşjak serişdeleriň hasabyna soňra üzmek şertinde, şol maksatlar üçin maliýeleşdirmege açýar.