Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 25.10.2006

Türkmenistanyň ilatyna 2030-njy ýyla çenli tebigy gazy, elektrik toguny, suwy we nahar duzuny mugt bermek hakynda

25.10.2006 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň ilatyna 2030-njy ýyla çenli tebigy gazy, elektrik toguny, suwy we nahar duzuny mugt bermek hakynda

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap - Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.10.2006 ý. çykaran № PP-4563 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.09.2018 ý. çykaran № PP-418 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň ilatyna 2030-njy ýyla çenli tebigy gazy, elektrik toguny, suwy we nahar duzuny mugt bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 10, 1083-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.03.2008 ý. çykaran № PP-5024 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Özüniň bäş müň ýyllyk şöhratly ösüşiniň dowamynda adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerýän türkmen milletimiz ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda ýyl-ýyldan barha has uly we guwandyryjy özgerişlikleri amala aşyrýar hem-de döwlet berkararlygymyzy pugtalandyrmakda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Mukaddes Ruhnamadan ylham alýan türkmen halky, ýurdumyzyň her bir raýaty ähli bilimini, tejribesini, ukybyny, gujur-gaýratyny Altyn asyrymyzy täze rowaçlyklara beslemäge bagş edýär.

Türkmenistanyň ägirt uly nebit we gaz gorlary, elektrik toguny öndürmek boýunça kuwwatlyklary, suw çeşmeleri, mineral serişdeleri öz ykbalynyň eýesi bolan halkymyzyň esasy baýlyklary bolmak bilen, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň binýatlyk çeşmelerini her bir türkmenistanlynyň has eşretli ýaşamagyny üpjün etmäge ulanmak üçin barha täze mümkinçilikler döredýär. Biz nebitgaz senagatyny, energetika toplumyny, suw hojalygyny, mineral serişdeleri hemmetaraplaýyn işlenen maksatnamalar esasynda ösdürmäge uly üns berýäris. Munuň netijesinde halkymyzyň has-da abadan we pajarlap ösýän jemgyýetde ýaşamagynyň bähbitlerini, ýurdumyzyň ykdysady we maliýe taýdan sagdyn we berk bolmagyny ileri tutulýan wezipeler hökmünde üpjün etmäge amatly şertler emele gelýär.

Biziň ýurdumyz öz ykdysady ösüşiniň miwelerini her bir raýatynyň bähbitlerine ulanmakda dünýä bileleşiginde aýratyn orun tutýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklarynda tutanýerli çekilýän zähmet netijesinde döreýän uly mümkinçilikleri bütin halkyň we her bir adamyň has abadan, has eşretli we ertirki gününe doly ynamly ýaşamagy üçin ulanmagyň göreldesini görkezýär.

Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyň 15 ýylynda halkymyzyň milli bähbitlerinden ugur alyp, halk hojalygymyzyň iň kämil we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly üstünlikleri gazanandygyny, döwletimiziň kuwwatynyň artandygyny, şeýle hem raýatlarymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin ähli pudaklarda yzygiderli we netijeli gecirilýän çäreleriň ajaýyp miwelerini olaryň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirmäge mümkinçilikleriň köpelendigini nazara alyp we «Türkmenistanyň ilatynyň elektrik energiýasyny, gazy we suwy mugt sarp etmegi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 30-ynda çykaran № 958 kararyny täze şertlerde ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2003-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-inde çykaran kararyny göz öňünde tutup, karar edýärin:

Türkmenistanyň ilatyna 2030-njy ýyla çenli tebigy gazy, elektrik toguny, suwy we nahar duzuny mugt bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 25-nji oktýabry

№ PP-4563