Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 12.11.2007

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň Gününi döretmek hakynda

12.11.2007 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň Gününi döretmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.11.2007 ý. çykaran № PP-4906 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.04.2019 ý. çykaran № PP-492 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň

Gününi döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 11, 776-njy madda)

Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hukuk döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerine goşýan goşandyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmekde, jenaýatçylyga garşy göreşmekde hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini goramakda we pugtalandyrmakda bitirýän hyzmatlaryny hem-de Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakyndaky milli kanunçylygyň öz gözbaşyny 1991-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 29-yndan alyp gaýdýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň Gününi döretmeli we ony her ýylyň 29-njy maýynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň Gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün etmeli

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 12-nji noýabry

№ PP-4906