Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 12.11.2007

Türkmenistanda iş haklaryny köpeltmek hakynda

12.11.2007 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanda iş haklaryny köpeltmek hakynda

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap - Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.11.2007 ý. çykaran № PP-4904 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 26.09.2008 ý. çykaran № PP-5180 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda iş haklaryny köpeltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 11, 774-nji madda)

Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen pugta maddy binýady, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň depginli ösüşini nazara alyp we «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzda ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça bellenen wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň («Türkmemstanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 30-ynda çykaran 4722-nji Permanyna laýyklykda iş haklary köpeldilen işgärler muňa girmeýär), hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň iş haklaryny göterim köpeltmeli.

2. Iş haklarynyň möçberlerini köpeltmegi kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini, işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri çekmegiň hasabyna üpjün etmeli.

3. 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň l-inden:

eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň iş haklarynyň ortaça möçberi 2 475 müň manatdan az bolmaly däldir;

döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, kazyýetleriň, prokuraturanyň, banklaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk wezipe iş haklarynyň möçberlerini 1-5-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2007-nji ýylyň 12-nji noýabry

№ PP-4904