Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.04.2008

Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (puluň gymmatyny üýtgetmek) hakynda

14.04.2008 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (puluň gymmatyny üýtgetmek) hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 14.04.2008 ý. çykaran

№ PP-5058 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.08.2008 ý. çykaran № PP-5161 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (puluň gymmatyny üýtgetmek) hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 4, 241-nji madda)

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde milli manadyň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşdyrmak, hasaplaşyklary geçirmegi, buhgalter we statistika hasabyny ýöretmegi aňsatlaşdyrmak hem-de döwlet serişdelerini tygşytlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2009-njy ýylda Türkmenistanda milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmeli (puluň gymmatyny üýtgetmeli).

2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden Türkmenistanda milli puluň gymmaty üýtgedilen görnüşini dolanyşyga goýbermeli we köne nusgadaky 1000 manadyň täze nusgadaky 1 manada deň gatnaşygyny bellemeli.

2. Türkmenistanyň ygtyýarly banklary milli puluň köne nusgalaryny onuň täze nusgalaryna çalyşmagy 2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden - 2009-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda çäklendirilmedik möçberlerde üpjün etmeli.

3. Türkmenistanda milli puluň köne nusgalaryny onuň täze nusgalary bilen bilelikde 2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden - Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda nagt hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerinde kanuny töleg serişdesi hökmünde ulanmaly.

4. 2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda ýerlenýän harytlaryň, işleriň hyzmatlaryň nyrh görkeziji ýazgylarynda täze we öňki bahalar görkezilmeli.

5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi 2008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli bahasy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän harytlar, işler we hyzmatlar boýunça nyrh emele getiriş tertibini üýtgetmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaly.

6. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralary 2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden:

ilata ýerlenýän harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň nyrh görkeziji ýazgylarynda bir wagtda täze we köne bahalaryň dogry görkezilýändigine gözegçiligi amala aşyrmagy;

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde işiň gözegçilik-pulhana abzallary ulanylmaga degişli görnüşleri amala aşyrylanda ähli söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat edaralarynda ilat bilen nagt pul hasaplaşyklarynda täze baha görkezilen gözegçilik-pulhana abzallarynyň ulanylmagyny üpjün etmeli.

7. Türkmenistanyň Merkezi banky:

milli pul birlikleriniň kagyz we şaýy görnüşleriniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylan ilkibaşdaky zerur möçberlerini tapgyrlaýyn ýasatmagy we 2008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli ýurda getirmegi;

Türkmenistanyň bank we töleg ulgamyny milli manadyň täze görkezilen gymmatyna geçirmek bilen bagly zerur işleri geçirmegi;

Türkmenistanyň ygtyýarly banklarynyň milli manadyň köne nusgalaryny täze nusgalaryna ýygym alman, bökdençsiz çalyşmagyny üpjün etmeli.

8. Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, hususy telekeçiler:

2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-ine çenli buhgalter hasaplarynda durýan ähli emläklerini, şol sanda hasaplaşyklaryny hem-de ähli lomaý we bölek satuw bahalaryny, hyzmatlar üçin tölegleri täze nusgadaky 1 (bir) manady köne nusgadaky 1000 (bir müň) manada deňleşdirip, gaýtadan hasaplamagy we 2008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çenli işiň özüne degişli görnüşleri boýunça görkezijilerini manadyň täze baha derejelerine geçirmekde zerur çäreleri amala aşyrmagy;

2009-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden milli pul birligini täze görkezilen gymmaty boýunça nagt we nagt däl hasaplaşyklarda ulanmagy üpjün etmeli.

9. Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de beýleki degişli döwlet edaralary 2008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çenli milli pul birliginde görkezilen gymmatyň üýtgedilip, manadyň täze gymmatynyň derejesine geçmek bilen bagly zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagy üpjün etmeli.

10. Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi we beýleki degişli döwlet edaralary milli pul birliginiň görkezilen gymmatynyň üýtgedilip, manadyň täze gymmatyna geçmek bilen bagly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna girizilmeli üýtgetmeler boýunça teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

11. Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary Türkmenistanyň maliýe we karz beriji edaralary bilen bilelikde manadyň täze gymmatyna geçmegiň tertibi hem-de bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň amala aşyrýan işleri hakynda ilat arasynda giňişleýin düşündiriş işlerini geçirmegi üpjün etmeli.

12. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2008-nji ýylyň 14-nji apreli

№ PP-5058