Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 02.02.2008

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

02.02.2008 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.02.2008 ý. çykaran № PP-4997 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.10.2013 ý. çykaran № PP-6434 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 2, 80-nji madda)

Täze galkynyş we özgertmeler eýýamynda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzda ylmy we medeniýeti ösdürmegi höweslendirmek hem-de türkmen halkynyň taryhyny has düýpli öwrenmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran 4353-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2005-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 463-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 2-nji fewraly

№ PP-4997

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2008-nji ýylyň 2-nji fewralynda

çykaran PP-4997 belgili Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary

baradaky komitetiň

DÜZÜMI

Mämmetnurow Öwezmuhammet - Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli muzeýiniň direktory (Komitetiň başlygy)

Işangulyýewa Oguljeren - Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti (Komitetiň başlygynyň orunbasary)

Amangeldiýew Hudaýnazar - Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory

Poladow Annamyrat -"Türkmenistan" gazetiniň baş redaktory

Aşyrow Annagurban -Türkmenistanyň milli medeniýet "Miras" merkeziniň başlygy

Kyýasowa Gyzylgül -Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory

Wasow Orazmämmet – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň ylmy ugurlary çaklaýyş we halkara gatnaşyklarynyň ösüşi bölüminiň başlygy

Nazarow Çary -Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory

Hydyrow Daňatar - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyn dirižýory

Esenow Allamyrat - "Bereketli toprak" gazetiniň baş redaktory

Annaorazow Jumadurdy- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň müdiri

Ilamanow Süleýman -"Edebiýat we sungat" gazetiniň bölüm müdiri

Ýazowa Sona - Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň bölüm redaktory

Annamyradow Babasary - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy

Babaýew Saragt -Heýkeltaraş