Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň 21.01.2009 ý. çykaran № PP-5272 Permany Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.01.2016 ý. çykaran № PP-6909 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2009 ý., № 1, 51-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny we bitewiligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň harby kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyny tassyklamaly(goşulýar).
2. «Türkmenistanyň harby doktrinasynyň Esasy düzgünlerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1994-nji ýylyň 10-njy maýynda kabul eden 23-nji çözgüdini;
«Türkmenistanyň harby doktrinasynyň Esasy düzgünlerine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda kabul eden 32-nji çözgüdini güýjüni ýitiren hasap etmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini seljeriş bölüminiň müdiri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Așgabat ș.
2009-njy ýylyň 21-nji ýanwary
№ PP-5272
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2009-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda
çykaran № PP-5272 Permany bilen
tassyklanyldy
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP
TÜRKMENISTANYŇ HARBY DOKTRINASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy (mundan beýläk- Harby doktrina) döwletde resmi taýdan kabul edilen, parahatçylyksöýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewiligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň ulgamydyr.
Harby doktrinada Türkmenistanyň Milli howpsuzlygynyň konsepsiýasynyň we «Türkmenistanyň ýigrimi birinji asyrdaky hemişelik bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilik hoşniýetli goňşuçylyk we demokratiýa ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugry hakyndaky» Jarnamanyň düzgünleri ösdürilýär.
Harby doktrinanyň düzgünleri emele gelen harby-syýasy ýagdaýy we onuň ösüşini çaklamagy, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň, obýektiw talaplaryny, şeýle hem häzirki zaman uruşlarynyň we ýaragly çaknyşyklaryň mazmunyna we häsiýetine ulgamlaýyn seljermäni, harby gurluşyň we harby sungatyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky tejribesini nazara alýar.
Harby doktrina goranyş häsiýetlidir, bu onuň düzgünlerinde Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, harby howpsuzlygyny kepillendirmek hyjuwy bilen ählumumy howpsuzlyga we parahatçylyga pugta hem-de yzygiderli eýermegiň sazlaşykly utgaşmagy bilen öňünden kesgitlenýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň beýleki kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň harby howpsuzlygy üpjün etmek babatda halkara şertnamalary Harby doktrinanyň hukuk esasyny düzýär.
Harby-syýasy ýagdaýyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň gurluşynyň, ösüşiniň we ulanylyşynyň şertleri göz öňünde tutulyp, harby doktrinanyň düzgünleriniň üsti ýetirilýär, şeýle hem olar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwletiň görýän çäreleriniň toplumyny ýerine ýetirmek arkaly gazanylýar.
HARBY-SYÝASY ŞERTIŇ ÝAGDAÝY
1. Häzirki döwrüň harby-syýasy şertiniň ýagdaýy we geljegi şu esasy faktorlar bilen kesgitlenýär:
çäkli we iri möçberli uruşlary tutaşdyrmak bilen bagly meýiller;
separatistik we beýleki hereketleriň emele gelmegi hem-de pugtalanmagy, milletçilikli, etniki we dini ekstremizmiň güýçlenmegi;
köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň we olary ýetirmek serişdeleriniň ýaýradylmagy;
maglumatlary ulanmak arkaly göreşiň ýitileşmegi.
2. Şular harby-syýasy ýagdaýa durnuksyzlaşdyryjy täsir edýär:
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen esasy ýörelgelere garşy gelýän halkara howpsuzlygyny üpjün etmegiň bar bolan mehanizmlerini gowşatmaga gönükdirilen synanyşyklar;
halkara gatnaşyklarynyň taraplarynyň habar beriş we beýleki serişdeleri we tehnologiýalary agressiýa maksatlary üçin ulanmagy;
ekstremistik, dini akymlaryň we milletçilik, separatistik, terrorçylyk hereketleriniň, guramalarynyň we gurluşlarynyň işi;
guramaçylykly jenaýatçylygyň, ýaraglaryň we neşeleriň bikanun dolanyşygynyň geriminiň giňelmegi, bu işiň halkara häsiýete eýe bolmagy.
HARBY HOWPSUZLYGA ESASY WEHIMLER
3. Türkmenistan, hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, harby çaknyşyklaryň öňüni almaga gönükdirilen parahatçylyksöýüji daşary syýasaty ýöredýär.
Şonuň bilen birlikde, islendik özygtyýarly döwlet ýaly, Türkmenistan hem öz harby howpsuzlygyna bolup biljek daşarky we içerki wehimleriň güýçlenmegine ýol bermez.
4. Şular esasy daşarky wehimlerdir:
Türkmenistanyň çäkleriniň bitewiligini bozmak;
Türkmenistanyň içerki işlerine gatyşmaga synanyşyklar;
Türkmenistanyň serhetlerine gönüden-göni golaý ýerlerde çäkli uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň ojaklary;
köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmak mümkinçiligi;
köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny, olary ýetirmegiň serişdelerini hem-de harby önümçiligiň iň täze tehnologiýalaryny ýaýradylmagy;
beýleki ýurtlaryň ýaraglary çäklendirmek we kemeltmek, hil we mukdar taýdan artdyrmak babatda halkara şertleşiklerini bozmagy netijesinde strategik durnuklylygyň bozulmagynyň mümkinçiligi;
halkara terrorçylygy, separatizmi we dini fundamentalizm;
Türkmenistanyň serhetleriniň golaýynda güýçleriň emele gelen gatnaşyklarynyň bozulmagyna getirýän goşun toparlarynyň döredilmegi ýa-da artdyrylmagy;
Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki binalaryna we desgalaryna çozmak, serhetýaka çaknyşyklaryny we ýaragly prowokasiýalary tutaşdyrmak;
beýleki döwletleriň çäklerinde Türkmenistanyň çäklerine aralaşdyrmak üçin niýetlenen, ýaragly toparlary döretmek, enjamlaşdyrmak we taýýarlamak.
5. Şular esasy içerki wehimlerdir:
Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmäge, çäkleriniň bitewiligini bozmaga gönükdirilen hereketleri meýilleşdirmek;
ekstremistik we separatistik maksatly adamlaryň Türkmenistanda içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen işi;
bikanun harby birikmeleri döretmäge synanyşyklar;
harby desgalara, arsenallara, ýarag ammarlaryna, harby, ýörite tehnikalara we emläklere, döwlet durmuş üpjünçiligi desgalaryna hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerine çozmak mümkinçiligi;
Türkmenistanyň çäklerinde diwersiýalary, terrorçylyk hereketlerini we beýleki kanuna garşy etmişleri amala aşyrmak maksady bilen ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy maddalary we beýleki serişdeleri ýaýratmak (olaryň dolanyşygyny amala aşyrmak);
Türkmenistanyň harby howpsuzlygyna wehim salýan harytlaryň kontrabandasyny, neşeleriň bikanun dolanyşygyny we beýleki kanuna garşy hereketleri amala aşyrmagy maksat edip goýýan jenaýatçylykly toparlary döretmek.
HARBY HOWPSUZLYGY ÜPJÜN ETMEK
6. Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet işiniň örän möhüm ugry bolup durýar.
Harby howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy maksatlary Türkmenistana gönükdirilen harby wehimleriň öňüni almak, olary çäklendirmek we zyýansyzlandyrmakdyr.
Türkmenistan özüniň harby howpsuzlygyny üpjün etmäge demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak, halkara gatnaşyklarynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk, arkalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini berkarar etmek bilen baglylykda garaýar.
7. Ýurduň Prezidentiniň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň halkara ýagdaýynyň durnuklylygynyň, onuň milli we harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň, onuň garşysyna agressiýanyň öňüni almagyň esasy şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi we goldanyldy, bu Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasynda berkidildi.
8. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Birleşen Milletler Guramasyny we onuň çözgütlerini ileri tutmagy ykrar edýär, daşary syýasatda hemişelik oňyn bitaraplyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine we serhetleriniň bozulmazlygyna hormat goýmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bloklara we birleşiklere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we tutuş dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär.
9. Türkmenistan şundan ugur alyp:
hiç bir döwlete öz duşmany hökmünde garamaýar;
syýasaty döwletimiziň milli bähbitlerine we howpsuzlygyna zyýan ýetirmeýän we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna ters gelmeýän ähli döwletlere hyzmatdaşlar hökmünde garaýar;
harby bloklara we birleşiklere, berk borçnamalary bolan ýa-da gatnaşyjylaryň köpçülikleýin jogapkärçiligini göz öňünde tutýan döwletara birleşmelerine gatnaşmaýar;
uruşlary we ýaragly çaknyşyklary başlamazlyga, olara gatnaşmazlyga (özüni goramak hukugyny amala aşyrmagy muňa girmeýär), urşa ýa-da ýaragly çaknyşyklara getirip biljek syýasy ýa-da beýleki hereketleri etmezlige borçlanýar;
öz çäklerinde daşary döwletleriň harby bazalaryny ýerleşdirmez;
ýadro, himiki, biologik ýaraglary we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň beýleki görnüşlerini edinmezlige, öndürmezlige, ýaýratmazlyga we döwletiň çäkleriniň üstünden geçirmezlige borçlanýar;
sebit we halkara derejesindäki harby wehimleriň öňüni almagy, olary çäklendirmegi we zyýansyzlandyrmagy syýasy, diplomatik we beýleki harby däl serişdeler bilen amala aşyrmagy, şeýle hem parahatçylyga howp salynmagy, parahatçylygyň bozulmagy we agressiýa hereketleri babatda dünýä bileleşiginiň köpçülikleýin hereketlerini ileri tutýar;
beýleki döwletleriň ýaraglaryny we ýaragly güýçlerini öz çäklerinden üstaşyr üçünji döwletlere geçirmeýär.
10. Türkmenistanyň harby howpsuzlygy onuň ygtyýarynda bolan güýçleriň, serişdeleriň we gorlaryň ählisi arkaly üpjün edilýär.
11. Harby howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri:
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna merkezleşdirilen ýolbaşçylygy amala aşyrmak;
harby wehimleri seljermek, kesgitlemek we olara birmeňzeş gaýtawul bermek;
harby howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerur bolan serişdeleri we gorlary bölüp bermek, olary doly we netijeli ulanmak;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň taýýarlyk, hünär taýdan taýýarlanyş we ýokary hilli üpjünçilik derejesiniň harby howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmegi.
12. Harby howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy mazmuny:
a) parahatçylyk döwründe:
harby howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny emele getirmek we durmuşa geçirmek;
içerki syýasy durnuklylygy saklamak, konstitusion gurluşy, Türkmenistanyň çäkleriniň bitewiligini we eldegrilmesizligini goramak;
goňşy we beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak;
Türkmenistanyň goranmak ulgamyny kämilleşdirmek;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek we hil taýdan kämilleşdirmek, daşarky we içerki wehimleriň öňüni almak, olary çäklendirmek we zyýansyzlandyrmak boýunça ylalaşykly hereketlere taýýar ýagdaýda saklamak;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny, döwlet edaralaryny we senagat kärhanalaryny harby döwrüň şertlerinde hereket etmäge (şol sanda olary mobilizasion taýdan ýaýbaňlandyrmaga) geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny taýýarlamak;
ykdysadyýetiň mobilizasion taýýarlygyny ýokarlandyrmak, senagat kärhanalaryny harby hajatlar üçin niýetlenen önümleri öndürmäge öz wagtynda geçirmegiň göz öňünde tutulan meýilnamasyny üpjün edýän şertleri döretmek;
ýurduň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny, kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny, ilatyny harby howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli we raýat goranyşyny alyp barmak boýunça wezipeleri çözmäge taýýarlamagy guramak;
Türkmenistanyň Döwlet serhedini, özygtyýarlylygyny goramak;
zerur harby infrastrukturany ösdürmek;
Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we olary harby wehimlerden goramak;
ýurduň harby howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ilatyň watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek, ýaşlary Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek;
b) uruş howpunyň abanýan döwründe we uruş hereketleriniň başlanmagy bilen:
ýurtda uruş ýagdaýyny öz wagtynda yglan etmek, harby ýa-da adatdan daşary ýagdaýy girizmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny doly ýa-da bölekleýin ýaýbaňlandyrmagy geçirmek, olary doly taýýar ýagdaýa getirmek;
agressiýany yzyna serpikdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň işini utgaşdyrmak;
ýaragly, syýasy, diplomatik, habarlar, ykdysady taýdan göreşi we göreşiň beýleki görnüşlerini alyp barmagy guramak we utgaşdyrmak;
harby hereketlere taýýarlyk görmek we olary alyp barmak boýunça çözgütleri kabul etmek we durmuşa geçirmek;
ýurduň ykdysadyýetini, onuň aýry-aýry pudaklaryny, şeýle hem kärhanalaryny we guramalaryny, ulaglary we aragatnaşyk ulgamlaryny harby ýagdaýyň şertlerinde işlemäge geçirmek;
çäkleri goramak we raýat goranyşy boýunça çäreleri guramak we amala aşyrmak;
Birleşen Milletler Guramasynyň, gazanylan halkara şertleşiklerine laýyklykda beýleki halkara guramalarynyň we döwletleriň mümkinçiliklerini we ýardamyny agressiýanyň öňüni almak üçin ulanmak bolup durýar.
13. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunçylygynda kesgitlenen borçlarynyň hem-de ygtyýarlyklarynyň çäklerinde harby howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, döwletiň goranmak ukybynyň ýagdaýy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň söweşjeň, mobilizasiýa taýýarlygy we söweşjeň ukyby üçin doly jogapkärçilik çekýärler.
14. Türkmenistanyň Prezidenti - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň wezipelerini çözmek boýunça ähli işleri guraýar, olara gözegçilik edýär we olary utgaşdyrýar.
15. Uruş howpunyň abanýan döwründe, şeýle hem agressiýa yzyna serpikdirilende Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmäge ýolbaşçylygy guramak, döwlet we harby dolandyryş edaralaryny döretmek hem-de olaryň işlemegi Türkmenistanyň degişli kanunlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen düzgünleşdirilýär.
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERI WE BEÝLEKI GOŞUNLARY
16. Harby howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary - Türkmenistanyň serhet goşunlary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlary, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň goşunlary bardyr.
17. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady Türkmenistanyň milli bähbitleriniň we harby howpsuzlygynyň kepillendirilen goragyny üpjün etmek bolup durýar.
18. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna ýolbaşçylyk etmegiň esasy ýörelgeleri:
ýolbaşçylygy merkezleşdirmek;
hukuk esasynda birbaşlyklyk ýörelgesini berjaý etmek;
harby-syýasy şertiň ýagdaýyna laýyklykda çözgütleri kabul etmek;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň söweşjeň we mobilizasiýa taýýarlygyny üpjün etmek;
goşunlar taýýarlananda okatmagyň we terbiýelemegiň bitewiligi;
harby gullukçylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny, durmuş kepillendirmelerini üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň gurluşy we ösüşi olaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
19. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary şular bolup durýar:
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny netijeli dolandyrmagyň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek;
Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün edýän bölümleri we goşun birikmelerini döretmek hem-de hemişe söweşjeň taýýarlykda saklamak;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň mobilizasion gorlarynyň taýýarlanmagyna we mobilizasion ýaýbaňlandyrylmagyny üpjün etmäge jogap berýän döwlet we harby gurluşlary zerur taýýarlyk ýagdaýynda saklamak;
milli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny ofiserler bilen üpjün etmek.
20. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň ösüşi şulara gönükdirilendir:
döwlet we harby dolandyryş ulgamynyň netijeli hem-de ygtybarly işlemegini üpjün etmäge;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň gurluşyny, sanyny, ýaraglar hem-de harby tehnika bilen üpjünçiligini harby howpsuzlygy üpjün etmegiň wezipelerine laýyklykda saklamaga;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň ýolbaşçy düzüminiň söweşjeň, operatiw we mobilizasion taýýarlygyny kämilleşdirmäge;
goşunlary söweşjeň taýdan dolandyrmak, maglumatlar bilen üpjün etmek we olaryň ätiýaçlyk ulgamyny kämilleşdirmäge;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby-tehniki we tyl üpjünçiligini kämilleşdirmäge;
harby meýilnamalaşdyryşy kämilleşdirmäge;
harby gullukçylary taýýarlamaga, harby bilimi has-da kämilleşdirmäge we harby ylmy ösdürmäge;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny ähli derejelerdäki harby gullukçylar bilen üpjünlemegiň guralyşyny kämilleşdirmäge;
ýaraglary we harby tehnikany netijeli ulanmagy hem-de abatlamagy üpjün etmek üçin infrastrukturany kämilleşdirmäge, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny we taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga;
goşunlarda kanunylygy we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşunlarynda harby gullugyň şertlerini gowulandyrmak, gulluk etmäge çagyrylýan ýaşlary watançylyk we Watana söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça döwlet syýasatyny alyp barmaga;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň gurluşynyň, ösdürilmeginiň we ulanylmagynyň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, raýatlaryň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary barada maglumatlar bilen olaryň ýurt üçin ähmiýeti babatda üpjünçiligini gowulandyrmaga;
halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge.
21. Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny hemmetaraplaýyn özgertmek harby gurluşyň häzirki zaman tapgyrynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINE WE
BEÝLEKI GOŞUNLARYNA ÝOLBAŞÇYLYK ETMEK
22. Türkmenistanyň Prezidenti - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr.
23. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine gönüden-göni ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Goranmak ministri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi dolandyryş edarasy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini operatiw taýdan dolandyrmagyň esasy edarasy bolup durýar, ol goşunlaryň söweşjeň we mobilizasion taýýarlygynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýar, harby operasiýalary we söweş hereketlerini geçirmegi meýilleşdirýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň goranmak babatdaky wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça arkalaşykly hereketini utgaşdyrýar we guraýar.
Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda beýleki goşunlara gönüden-göni ýolbaşçylygy bu goşunlar tabynlygynda bolýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli ýolbaşçylary amala aşyrýar.
24. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda ýaraglandyrmak üçin ýaraglaryň, harby we ýörite tehnikanyň we emläkleriň ulgamlarynyň konsepsiýasyny, Ýaragly Güýçleri häzirki zaman ýaraglarynyň görnüşleri bilen üpjün etmegiň döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýar, şeýle hem döwlet goranmak buýurmasyny emele getirýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň görnüşleriniň we kysymlarynyň müdirlikleri goşunlary üpjünlemegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirýär, olaryň operatiw we mobilizasion taýýarlygyny, söweşjeň taýdan ulanylmagyny, ýaraglaryň we harby tehnikanyň ulanylmagyny we abatlanmagyny, harby işgärleriň taýýarlanmagyny amala aşyrýar, goşunlaryň dolandyrylmagyny, gündelik işini üpjün edýär, goranmak infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işi guraýar.
25. Türkmenistanyň harby howpsuzlygynyň üpjün edilmegine merkezleşdirilen ýolbaşçylygy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny goranmak maksatlary üçin ulanmagyň bitewi meýilnamalaşdyrylyşy, uzak möhletli (15 ýyla çenli), orta möhletli (5 ýyla çenli) we gysga möhletli (1 ýyl) meýilnamalaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan harby gurluşyň maksatnamalaýyn meýilnamalaşdyrylyşy amala aşyrylýar.
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINI WE BEÝLEKI
GOŞUNLARYNY ULANMAGYŇ ESASLARY
26. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanylýar.
Türkmenistan öz garşysyna gönükdirilen agressiýany serpikdirmek üçin, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ters gelýän hereketlerden, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine we milli bähbitlerine howp salýan, Döwlet serhedini bozup ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde kanuna garşy islendik harby taýdan gatyşylmadan goranmak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny ulanmagy kanunalaýyk hasaplaýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini - çäklendirilen harby kontingentlerden goşunlaryň operatiw taktiki toparlaryna çenli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýarynda bolan ýaragly göreş serişdeleriniň ählisini ulanmak bilen çekmek Türkmenistan babatda bolup biljek ýaragly prowokasiýalaryň möçberlerine, onuň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewiligine abanýan howplaryň derejesine, uruş hereketlerini onuň çäklerine geçirmäge synanyşyklara baglydyr.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň adamlaryň aýry-aýry toparlarynyň, partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň bähbitleri üçin ulanylmagyna ýol berilmeýär.
27. Türkmenistanyň bähbitlerine howp abandyrýan uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak üçin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň üstüne şu wezipeler ýüklenýär:
taýýarlanýan harby çozuşyň ýa-da ýagdaýyň howp abandyrýan ösüşiniň üstüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güýçleri we serişdeleri bilen bilelikde öz wagtynda açmak hem-de olar barada döwletiň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna habar bermek;
parahatçylykly döwürde hemişelik taýýarlyk goşunlaryny agressiýany kepillendirilen derejede yzyna serpikdirmegi üpjün edýän çäkde saklamak;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny doly ýaýbaňlandyrmak;
Türkmenistanyň guryýer, howa we deňiz serhetlerini goramak;
strategik, möhüm döwlet we hojalyk desgalaryny goramak;
diwersiýalaryň we terrorçylyk hereketleriniň öňüni almak we soňuna çykmak.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary tarapyndan şu we beýleki wezipeleri çözmek olaryň özara ysnyşykly arkalaşykly hereket etmeginde amala aşyrylýar.
28. Türkmenistana garşy agressiýa edilen halatda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň üstüne duşmanyň howadan, gury ýerden we deňizden zarbalaryny serpikdirmek, duşmany ýeňlişe sezewar etmek, uruş hereketlerini mümkin bolan irki döwürde tamamlap, Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän ýaraşyk baglaşmak üçin şertleri döretmek wezipeleri ýüklenýär.
29. Türkmenistanyň çäklerinde onuň çäkleriniň bitewiligine, Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbitlerine howp salýan içerki çaknyşyklary, ýaragly zorluk serişdelerini ulanmak bilen edilýän, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we beýleki kanunlaryna garşy hereketleriň öňüni almak we soňuna çykmak üçin içeri işler edaralarynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynyň üstüne şu wezipeler ýüklenýär:
çaknyşyklaryň bolýan ýerinde jemgyýetçilik tertibini goramagy üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýyň hukuk düzgünini saklamak;
çaknyşyklaryň bolýan ýerini çäklendirmek we üzňeleşdirmek;
ýaragly çaknyşyklaryň soňuna çykmak;
çaknyşyklaryň bolýan ýerinde bikanun ýaragly birikmeleri ýaragsyzlandyrmak we ýok etmek, raýatlaryň elinden ýaraglary almak boýunça çäreleri geçirmek;
çaknyşyklaryň bolýan ýerine ýanaşyk ýerlerde jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny goramagy güýçlendirmek;
içerki howpsuzlyga abanýan wehimi aradan aýyrmak üçin operatiw-agtaryş we derňew çärelerini geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri çözmek.
Içeri işler edaralaryna we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlaryna çaknyşyklaryň bolýan ýerlerini çäklendirmekde we üzňeleşdirmekde, ýaragly çaknyşyklaryň soňuna çykmakda ýardam bermek, şeýle hem strategik taýdan möhüm döwlet desgalaryny goramak üçin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň aýry-aýry birikmeleri kanunçylykda bellenen tertipde çekilip bilner.
30. Türkmenistanyň serhet goşunlary Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gury ýerde, deňizde, derýalarda we beýleki suw howdanlarynda eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen, jenaýatçylykly bileleşige, terrorçylyga, ýaraglaryň we neşeleriň kontrabandasyna garşy göreşmekde hukuk goraýjy edaralara ýardam berýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň üstüne Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramakda serhet goşunlaryna kömek bermek we möhüm döwlet desgalaryny goramakda we terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we garakçylyga garşy göreşmekde beýleki güýçlere ýardam bermek wezipeleri ýüklenip bilner.
31. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň güýçleri we serişdeleri heläkçilikleriň, apatlaryň we tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanlaryny düzetmekde döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem ilata kömek bermek üçin çekilip bilner.
32. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmek üçin, şular nazara alnyp, Türkmenistanyň çäklerinde bölümler we goşun birikmeleri döredilýär:
howp abanýan ugurlarda bolup biljek harby howpuň derejesi;
Türkmenistan üçin örän möhüm etraplaryň we desgalaryň ýerleşişi;
howp abanýan ugurlarda goşunlaryň strategik taýdan ýaýbaňlandyrylmagynyň we manýowrynyň mümkinçiligi;
goşunlary we maddy-tehniki gorlary bolup biljek howadan urulýan zarbalaryň astyndan öz wagtynda çykarmagyň mümkinçiligi;
goşunlaryň ýerleşdirilmegini we ýaşamagyny üpjün etmek, sosial we durmuş meselelerini çözmek üçin şertler;
mobilizasion taýdan ýaýbaňlandyryş binýadynyň barlygy we ýagdaýy.
33. Goranmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň mobilizasion ýaýbaňlandyrylmagyny, olaryň uruş hereketlerini netijeli alyp barmagyny üpjün edýän döwletiň harby infrastrukturasyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan döwlet maksatnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň çäklerinde operatiw enjamlaşdyrmak amala aşyrylýar.
34. Maddy serişdeleriň gorlaryny toplamak we saklamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan döwlet we mobilizasion ätiýaçlyk gorlaryny döretmegiň meýilnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna we parahatçylyk döwründe tassyklanan meýilnamalara laýyklykda goşunlary mobilizasion taýdan ýaýbaňlandyrmagy we olaryň uruş hereketlerini alyp barmagyny üpjün edýän maddy serişdeleriň gorlaryny toplamagy, daşamagy, ýerleşdirmegi we saklamagy, ätiýaçlyk gorlary emele getirmegi, taýýarlamagy, gaýtadan toplamagy we ulanmagy amala aşyrýar.
Maddy serişdeleriň operatiw gorlaryny toplamagy, daşamagy we ýerleşdirmegi meýilnamalaşdyrmak we aýratyn döwürde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň operatiw tabynlygyna berilýän goşunlar üçin saklamak şol goşunlar düzümine girýän ministrlikler tarapyndan amala aşyrylýar.
35. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi dolandyryş edarasy bellenen harby-hasap hünärleri boýunça mobilizasion gorlaryň taýýarlanylyşyna umumy ýolbaşçylygy we gözegçiligi, harby hasaba almagy, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna berilýän ulag serişdelerini hasaba almagy amala aşyrýar.
36. Möhüm döwlet desgalarynyň, ulaglaryň we kommunikasiýalaryň durnukly işlemegi, olaryň zeper ýeten ojaklarynda we heläkçilikleriň, apatlaryň we tebigy betbagtçylyklaryň bolan ýerlerinde awariýa halas ediş we beýleki işleri geçirmäge taýýarlygyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda çäk we raýat goranyşy boýunça taýýarlyk amala aşyrylýar.
HARBY HOWPSUZLYGY HARBY-YKDYSADY
TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK
37. Harby-ykdysady taýdan üpjün etmegiň baş maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň maddy gorlara we maliýe serişdelerine zerur isleglerini kanagatlandyrmakdyr.
38. Harby-ykdysady taýdan üpjün etmegiň esasy wezipeleri we ýörelgeleri:
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary tarapyndan harby howpsuzlyk babatda çözülýän wezipeleri, şeýle hem söweşjeň we mobilizasion taýýarlygyň gurluşynyň we ösüşiniň meýilnamalaryny maliýe we maddy taýdan üpjün etmek;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny ýaraglaryň häzirki zaman, netijeli ulgamlary, harby we ýörite tehnika bilen üpjün etmek;
harby önümleri öndürmek we ikilenç işlemek, ýaraglary we harby tehnikany abatlamagy geçirmek boýunça senagat binýadyny döretmek we ösdürmek;
harby tehnologiýalar boýunça ylmy-tehniki barlaglary geçirmek;
harby howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, döwletiň harby infrastrukturasyny gurmak we ösdürmek;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň maddy binýadyny pugtalandyrmak;
ykdysadyýet harby ýagdaýa geçirilende mobilizasion meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin maddy serişdeleriň gorlaryny toplamak we saklamak;
özara bähbitli halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;
harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş kepillikleri durmuşa geçirmek bolup durýar.
39. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny mobilizasion taýdan ýaýbaňlandyrmagy we ykdysadyýeti harby ýagdaýa geçirmegi üpjün etmek üçin döwlet mobilizasion ätiýaçlyk goruny döredýär.
HALKARA HARBY WE HARBY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYGY
40. Türkmenistan halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy öz milli bähbitlerinden we harby howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekden ugur alyp, amala aşyrýar.
Halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlyk döwletiň wezipesi bolup durýar.
41. Türkmenistan halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň milli kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda, halkara durnuklylygynyň we milli howpsuzlygynyň bähbitlerini berjaý edip, amala aşyrýar.
Türkmenistan, özüniň uruşlaryň we ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, halkara howpsuzlygyny we ählumumy parahatçylygy saklamak, ynsanperwerlik, demokratiýa, sosial ilerlemek taglymlaryny durmuşa geçirmek maksatlaryna doly eýerýändigini tassyklamak bilen, Harby doktrinasynyň düzgünlerini özüniň bitaraplyk derejesi we halkara borçnamalary bilen baglylykda yzygiderli we pugta ýerine ýetirmegi kepillendirýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen umumy ykrar edilen halkara-hukuk ýörelgelerini we kadalaryny berk berjaý etmäge borçlanýar.